Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosniýa-Gersegowinanyň musulman we horwat liderleri Lawrow bilen duşuşmakdan ýüz öwürdiler


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow.
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow.

Bosniýa-Gersegowinanyň üç taraplaýyn prezidentliginiň musulman we horwat agzalary, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň 1990-njy ýyllaryň ortalaryndaky Bosniýa urşuny bes eden parahatçylyk şertnamasy baradaky çykyşlaryndan soň, 15-nji dekabrda onuň bilen duşuşmakdan ýüz öwürdiler.

Sefik Dzaferowiç we Zeljko Komsiç bilelikde ýaýradan beýanatynda Lawrowyň 14-nji dekabrda eden çykyşynyň Bosniýanyň resmi pozisiýasyna ters gelýändigi sebäpli bu karara gelendiklerini aýtdy.

Lawrow 1992-1995-nji ýyllardaky Bosniýa urşuny bes eden “Daýton” şertnamasynyň gol çekilmeginiň ýyl dönüminde, ýagny 14-nji dekabrda başlan saparynyň ahyrynda ýurduň üç taraplaýyn prezidentliginiň üç agzasy bilen duşuşmalydy.

Dzaferowiç we Komsiç žurnalistlere beren maglumatynda Lawrowyň “Daýton şertnamasynyň ähli goşundylaryna hormat goýmaýan, şol sanda ýurduň edaralaryna we nyşanlaryna hormat goýmaýan” çykyşlary sebäpli onuň bilen duşuşmakdan ýüz öwürendiklerini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG