Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Parlamenti belarus oppozisiýasyny Saharow baýragy bilen sylaglaýar


Belarus oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa
Belarus oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa

Belarus oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa we Belarusyň demokratik oppozisiýasynyň beýleki liderlerine Ýewropa Parlamentiniň Pikir Azatlygy boýunça 2020-nji ýylyň Saharow baýragy gowşuryldy.

Tihanowskaýa dabaranyň öňüsyrasynda, şu hepde Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň liderleri bilen gepleşikleri geçirdi.

Oktýabrda Ýewropa Parlamentiniň prezidenti Dawid Sassoli şu ýyl baýragyň Belarus oppozisiýasynyň Utgaşdyryjy Geňeşine gowşuryljakdygyny mälim etdi.

Sassoli belarus oppozisiýasynyň wekilleriniň pikir azatlygyny goramak ugrunda gaýduwsyzlyk, çydamlylyk we tutanýerlilik görkezendigini belledi.

Baýrak bilen birlikde 50 müň ýewro möçberinde pul serişdesi hem berilýär.

Her ýyl gowşurylýan bu adam hukuklary boýunça baýrak 1988-nji ýylda esaslandyryldy, şeýle-de sowet fizigi we dissidenti Andreý Saharowyň ady bilen dakyldy. Baýrak adam hukuklaryny we esasy azatlyklary goramak ugrunda tagalla edýän şahsyýetlere we guramalara berilýär.

XS
SM
MD
LG