Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň demirgazygynda 13 polisiýa ofiseri öldürildi


Owganystanyň kartasy
Owganystanyň kartasy

Owganystanyň demirgazygyndaky Baglan welaýatynda barlag-gözegçilik nokadyna edilen hüjümde azyndan 13 polisiýa ofiseri öldi. Bu barada owgan resmileri maglumat berýärler.

Bu welaýatda ýene başga bir barlag-gözegçilik nokadyna edilen hüjümde üç polisiýa işgäri ýaralandy.

Hüjümleriň ikisi-de 16-njy dekabrda welaýatyň paýtagty Pul-e Khumri şäheriniň golaýynda amala aşyryldy.

Hüjümleriň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady. Emma ýerli resmiler bularyň arkasynda “Talyban” jeňçileriniň durandygyny aýdýarlar.

Sentýabrdan bäri owgan hökümeti we “Talyban” jeňçileri ýurtdaky onlarça ýyl bäri dowam edýän urşa soň bermek maksady bilen, Katarda parahatçylyk gepleşiklerini geçirýärler.

Parahatçylyk gepleşiklerine garamazdan Owganystanda gazaplylyk dowam edýär. Ýurduň dürli künjeklerinde häli-şindi çaknyşyklar döreýär, şeýle-de paýtagt Kabulda bomba we raketa hüjümleri amala aşyrylýar.

XS
SM
MD
LG