Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Şinjiangda ýüzlerçe müň adam pagta ýygmaga ‘mejbur edilýär’


BMG Şinjiangda azyndan 1 million etniki uýguryň we beýleki azlykdaky toparlaryň wekilleriniň “terrorçylyga garşy merkezler” diýlip atlandyrylýan lagerlerde saklanýandygyny çaklaýar.

ABŞ-nyň ylmy-barlag merkezi hytaý resmilerini ýurduň günbataryndaky Şinjiang sebitinde ýüzlerçe müň etniki uýgury we azlykdaky beýleki musulman toparlaryny agyr şertlerde pagta ýygmaga mejbur etmekde aýyplady.

15-nji dekabrda Global syýasat boýunça Merkeziň çap eden hasabatynda Hytaýyň aglaba uýgurlaryň ýaşaýan üç sebitinde azyndan 570 müň adamyň pagta ýygymyna çekilendigi bellenilýär. Muny hytaý hökümetiniň dokumentleriniň we media habarlarynyň äşgär edendigi nygtalýar.

Hasabatda pagta ýygymyna mejbur edilýän adamlaryň asyl sanynyň bu görkezijilerden “ýüzlerçe müň” köpdügi hem aýdylýar.

Şeýle-de, hasabatda Şinjiangdaky pagtanyň agramly böleginiň “mejbury zähmetiň netijesinde” toplanandygy bellenilýär.

Bu sebit Hytaýyň içerki pagta önümçiliginiň 85%-ini, halkara pagta üpjünçiliginiň hem 20%-ni öndürýär.

Hytaýyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili hasabatdaky maglumatlary ret etdi.

“Ähli etniki toparlaryň wekillerini ygtybarly iş bilen üpjün etmek, mejbury zähmetden tapawutlanýar” diýip, Wanga Wenbin belledi.

Pekin Şinjiang sebitinde alyp barýan syýasaty sebäpli, halkara tankytlara sezewar boldy. BMG bu sebitde azyndan 1 million etniki uýguryň we beýleki azlykdaky toparlaryň wekilleriniň “terrorçylyga garşy merkezler” diýlip atlandyrylýan lagerlerde saklanýandygyny çaklaýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG