Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan we ABŞ howpsuzlyk meselelerini maslahatlaşdylar


ABŞ-nyň we Türkmenistanyň baýdaklary

15-nji dekabrda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda üç günlük syýasy geňeşmeler başlandy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilýän geňeşmeleriň dowamynda howpsuzlyk meseleleri, söwda-ykdysady gatnaşyklar we ynsanperwer hyzmatdaşlygy maslahat ediler.

Geňeşmeleriň birinji gününde howpsuzlyk, şol sanda Owganystanda parahatçylygy gurmak meselelerine hem garaldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG