Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýadan deportasiýa edilen owganlar Owganystana geldi


Germaniýadan deportasiýa edilen owgan raýaty Kabula dolandy. 2017 ý.
Germaniýadan deportasiýa edilen owgan raýaty Kabula dolandy. 2017 ý.

Germaniýada gaçybatalga alyp bilmän, soňra deportasiýa edilen 30 owgan raýaty Kabula geldi. Bu barada 17-nji dekabrda Owganystanyň Bosgunlar boýunça ministrligi maglumat berdi .

2016-njy ýylyň dekabryndan bäri Germaniýadan jemi hasapda 937 owgan raýaty 34 çarter uçary arkaly yzyna – Owganystana ugradyldy. Germaniýadan soňky deportasiýa uçuşy martda amala aşyrylypdy.

Ýewropa Bileleşiginiň beýleki döwletleri hem deportasiýa uçuşlaryny ýaňadandan ýola goýdular. Awstriýadan we Bolgariýadan deportasiýa edilen 11 owganly uçar 16-njy dekabrda Kabulda gondy.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar owganlaryň deportasiýa edilmegini tankytlaýarlar. Olar gaçybatalga gözleýänleriň Owganystana dolanmagynyň olaryň jany üçin howply bolup biljekdigi duýdurýarlar.

Sentýabrda Kabul hökümeti bilen jeňçileriň arasynda parahatçylyk gepleşikleriniň başlanmagyna garamazdan, ýurtda howpsuzlyk ýagdaýy ýaramaz bolmagynda galýar. “Talyban” we “Yslam döwleti” ekstremistiki toparynyň her gün diýen ýaly amala aşyrýan hüjümleriniň netijesinde parahat ilatyň arasyndan adamlar heläk bolýar.

BMG-niň Owganystandaky Missiýasy (UNAMA) şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda ýurtda parahat ilatyň arasyndan 2 müň 117 adamyň heläk bolandygyny, başga-da 3 müň 822-siniň ýaralanandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG