Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ÝB Belarusa garşy täze sanksiýalary girizmek barada ylalaşdy


Belarus oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa Brýusselde Ýewropa Parlamentinde çykyş edýär. 16-njy dekabr, 2020 ý.

Ýewropa Bileleşiginiň ilçileri Belarusda oppozisiýa protestçileriniň basylyp ýatyrylmagyna jogap edip, 29 şahsyýete, şeýle-de ýedi kärhana we gurama garşy ykdysady sanksiýalaryň toplumyny girizmek barada ylalaşdylar. Bu barada diplomatlar 16-njy dekabrda mälim etdiler.

Sanksiýalaryň çäginde 27 agzalyk Bileleşik bilen biznes etmek gadagan edilýär, serişdeler doňdurylýar we syýahat çäklendirmeleri girizilýär.

Ýewropa Bileleşiginiň Belarus babatynda ylalaşan sanskiýalarynyň üçünji toplumy 17-nji dekabrda Ýewropa Geňeşiniň geçirjek maslahatynyň dowamynda resmi taýdan kabul ediler. Sanskiýalara düşen şahsyýetleriň we guramalaryň sanawy hem şol gün mälim ediler.

ÝB-niň ilçileriniň karary Bileleşigiň Swetlana Tihanowskaýa we Belarusyň demokratik oppozisiýasynyň beýleki liderlerine adam hukuklary boýunça Saharow baýragyny gowşuran gününe gabat geldi.

ÝB eýýäm Aleksandr Lukaşenka, onuň ogluna we ýene-de 50 töweregi resmä garşy gadagançylyklary girizipdi.

Belarusda 9-njy awgustda geçirilen dawaly saýlawlardan bäri Lukaşenkanyň häkimiýetden çekilmegini talap edip her gün diýen ýaly protestler geçirilýär. Oppozisiýa prezidentlik saýlawlarynyň galplaşdyrylandygyny aýdýar, Günbatar hem onuň netijelerini ykrar etmekden ýüz öwürýär.

Polisiýa saýlawlardan soňky protestleri gazaplylyk bilen basyp ýatyrýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG