Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nigeriýada ýüzlerçe okuwçy ýesirlikden azat edildi


"Boko haram" tarapyndan alnyp gaçylan we tapylmaýan okuwçy gyzlaryň atlary ýazylan mekdep partalary. Abuja, Nigeriýa, aprel, 2019
"Boko haram" tarapyndan alnyp gaçylan we tapylmaýan okuwçy gyzlaryň atlary ýazylan mekdep partalary. Abuja, Nigeriýa, aprel, 2019

Ýaragly adamlar ýurduň demirgazyk-günbataryndaky orta mekdebe hüjüm edip, ýüzlerçe çagany alyp gaçandan soň, nigeriýaly mekdep okuwçylarynyň 340-den gowragy azat edildi. Ýerli we milli resmiler bir hepde çemesi öň Katsina ştatynda, hökümetiň ylym mekdebine motosiklli edilen hüjüm netijesinde golaýdaky Rugu tokaýyna alnyp gidilen oglanlaryň boşadylmagyny gutlady.

Ýöne käbir habarlarda alnyp gaçylan köp okuwçynyň entek tapylmaýandygy aýdylýar.

"Men oglanlaryň köpüsini halas etdik diýip hasaplaýaryn" diýip, gubernator Aminu Bello Masari ýerli teleýaýlyma beren gürrüňinden aýtdy.

Nigeriýanyň prezidenti Muhammadu Buhari oglanlaryň boşadylmagyny gutlady we ony "tutuş ýurt we halkara jemgyýetçiligi üçin uly ýeňillik" diýip atlandyrdy.

Oglanlary zamun alanlaryň “Boko haram” ady bilen tanalýan yslamçy söweşiji toparyň agzasydygy ýa-da has özbaşdak hereket edýän jenaýat toparyna dahyllydygy barada gapma-garşylykly maglumatlar bar.

“Boko haram” soňky on ýylda bu sebitde 1000 töweregi mekdep okuwçysyny alyp gaçdy we, Günbatar görnüşli bilime garşy ýaragly kampaniýa alyp barmak bilen, köp adamy jynsy ýa-da öý gulçulygyna mejbur etdi.

Bu topar ýesirleri öz hatarlarynda söweşiji bolmaga mejbur edýär we bäş ýyl ozal YD yslamçy radikal topary bilen hyzmatdaş boldy.

XS
SM
MD
LG