Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi bank: Özbegistanlylar daşary ýurtlara geçen ýyldakydan has köp pul iberdi


ABŞ dollary. Bezeg suraty

Şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Özbegistandan daşary ýurtlara serhetüsti iberilen pullaryň mukdary 1,08 milliard dollara ýetdi.

Merkezi bankyň maglumatyna görä, bu 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 12 göterim köp serişdäniň ýa-da 119 million dollaryň artyk iberilendigini görkezýär.

Şol bir wagtda, soňky 10 aýda daşary ýurtlardan Özbegistana geçirilen pullaryň mukdary 5,44 milliard dollar boldy. Bu, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, puluň 2% ýa-da 85 million dollar az geçirilendigini aňladýar.

Merkezi bank serhetüsti pul geçirimleriniň artykmaçlyk mukdarynyň ýyl başyndan bäri 4,36 milliard dollara ýetendigi barada netijä geldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG