Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo: Türkiýä garşy sanksiýalaryň esasy maksady rus täsiriniň öňüni almakdan ybarat


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Birleşen Ştatlaryň Türkiýä garşy girizen sanksiýalarynyň esasy maksadynyň rus täsirleriniň giňelmeginiň öňüni almakdan ybaratdygyny aýtdy. Türkiýäniň Orsýetden S-400 uçara garşy raketa ulgamlaryny satyn almagy Waşingtonyň Ankara garşy sanksiýa girizmegine sebäp boldy.

ABŞ-nyň döwlet departamentiniň başlygy şu hepde türk kärdeşi Mewlut Çawuşoglu bilen telefonda gürleşdi, diplomatik edaralaryň ýolbaşçylary Waşingtonyň Ankara garşy girizen sanksiýalaryny ara alyp maslahatlaşdylar, olar ABŞ-nyň garşydaşlaryna sanksiýalar kanuny esasynda görýän çereleriniň çäginde girizildi diýip, “Amerikanyň sesi” habar berýär.

Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Keil Braunyň sözlerine görä, döwlet sekretary Pompeo Çawuşoglu bilen söhbetdeşlikde "Türkiýäniň S-400 ulgamyny satyn almagy amerikan goşunlarynyň we harby enjamlarynyň howpsuzlygyna wehim salýar we Orsýete türk harby we goranyş senagatyna aralaşmaga mümkinçilik berýär" diýdi.

Pompeo sanksiýalaryň maksady Russiýanyň ýarag söwdasyndan has kän girdeji almagyna we Moskwanyň beýleki ýurtlara täsirini giňeltmegine ýol bermezlikden ybarat diýdi. Döwlet sekretarynyň pikiriçe, Amerikanyň Birleşen Ştatlary türk goşunynyň we beýleki ýaranlarynyň harby mümkinçiliklerini peseltmek islemeýär.

Döwlet departamentiniň başlygy Ankarany S-400 bilen baglanyşykly meseläni ABŞ bilen Türkiýäniň arasynda goranyş hyzmatdaşlygynyň uzak taryhyna laýyklykda çözmäge çagyrdy.

Şeýle-de, ol Türkiýäniň, NATO agzasy bolmak bilen, bileleşigiň beýleki agzalarynyň howpsuzlygyna wehim salmaýan ýarag edinmäge borçludygyny ýatlatdy.

XS
SM
MD
LG