Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Belarusa garşy täze sanksiýalar tapgyryny tassyklady


ÝB baýdaklary
ÝB baýdaklary

Ýewropa Bileleşigi 17-nji dekabrda Belarusa garşy sanksiýalaryň üçünji tapgyryny tassyklady. Oňa 29 şahs we 7 ýuridiki şahs girdi. Bu barada "Azatlyk" radiosynyň Belarus gullugy habar berdi.

Sanksiýalar sanawyna girizilen resmileriň arasynda premýer-ministriň orunbasary Anatoliý Siwak, “Belteleradiokompaniýanyň” başlygy Iwan Eýsmant, Respublika geňeşiniň başlygy Natalýa Kaçanowa, Baş prokuror Andreý Şwed, Belarusyň maglumat ministri Igor Lutskiý dagy hem bar.

Bu sanksiýalar "Amkodor" maşyn gurluşyk kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Şakutini we "Interservic" zawodlarynyň eýesi Nikolaý Werabini hem öz içine alýar. Bu telekeçileri Aleksandr Lukaşenko bilen baglanyşykly hasaplaýarlar.

Sanksiýa girizilen hukuk gurluşlarynyň arasynda "140 abatlaýyş zawody", "Agat-elektromehaniki zawody", Dana Holdings kompaniýasy, "Sinezis" IT kompaniýasy, ýarag we harby enjamlar bilen üpjün ediji "Belteheksport", MZKT zawody we prezident administrasiýasy bar.

Ýewropa Bileleşigi mundan öň, prezident saýlawlaryny galplaşdyrandygy we raýatlaryň parahatçylykly ýörişlere bolan hukugyny bozandygy üçin, Belarusyň kyrk raýatyna garşy sanksiýa girizilendigini yglan etdi. Çäklendirmelere, hususan-da, Belarusyň Içeri işler ministri Ýuriý Karaýew we onuň orunbasarlary, Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Lidia Ýermoşina, OMON serkerdeleri, şol sanda minskli Dmitriý Balaba girdi.

XS
SM
MD
LG