Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan ilçisiniň indiki aýdymynyň adam hukuklary hakynda bolmagyna 'umyt baglanýar'


 Angliýanyň Türkmenistandaky ilçisi Hýug Filpotyň (Hugh Philpott) ýerli dilde aýdyp aýdýar.
Angliýanyň Türkmenistandaky ilçisi Hýug Filpotyň (Hugh Philpott) ýerli dilde aýdyp aýdýar.


“The Times” gazeti Angliýanyň Türkmenistandaky ilçisi Hýug Filpotyň (Hugh Philpott) ýerli dilde aýdyp aýdyp, “türkmen ýüreklerinde orun alýandygyny” habar berýär.

Azatlyk radiosy biraz öň Aşgabatdaky britan ilçisiniň Nury Halmämmedowyň “Türkmen sährasy” aýdymyny ýerine ýetirişi, onuň YouTube kanalynda çap eden wideo-klibinde türkmen telewideniýesiniň gaýta-gaýta ulanýan wagyz şekillerinden peýdalanylandygy barada habar berdi.

Britan neşiri 1980-nji ýyldan bäri diplomat bolup işleýän 59 ýaşly Filpotuň türkmen dilinden öň wenger, arap, rus dillerini öwrenendigini, türkmenleri Gurban baýramy bilen gutlap, goýun sürmäge kömekleşýän wideosyny çap edendigini hem belläp geçýär. Ol 2015-2019-njy ýyllarda Täjigistanda ilçi bolup, geçen ýyl Aşgabatdaky britan ilçisi wezipesine bellendi.

“The Times” 19-njy dekabrdaky makalasynda ilçiniň Covid-19 ýokuşmasyndan soň gutulandygyny, emma düýn düşündiriş üçin elýeterli bolmandygyny, ýöne Twitter sahypasy arkaly teswirlere aýdym bilen jogap berendigini belleýär.

“Human Rights Watch” guramasynyň barlagçysy Hizer Bar (Heather Barr) onuň aýdymyny öwdi, ýöne jenap Filpota twit ýazyp: "Siziň indiki aýdymyňyz Türkmenistanyň adam hukuklary barada bolar diýip umyt edýärin" diýdi.

Ilçi bu twite “Hizer, sag bol, bu tagalla meniň çynlakaý planlarymy ilerletmekde garaşyşymdan has köp iş etdi. Men şu wagt birneme bendilikde we asgynladym, ýöne käwagt bir aýdym müň sany manysyz çemeleşmeden has köp iş bitirip biler. Meniň çemeleşmäm gönümel, açyk we sylagly” diýip jogap berdi.

XS
SM
MD
LG