Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Orsýetdäki konsulhanalaryny ýapýar


ABŞ-nyň Wladiwostokdaky konsullygynyň daş görnüşi
ABŞ-nyň Wladiwostokdaky konsullygynyň daş görnüşi

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy ýurduň Russiýadaky baş konsullyklaryny ýapmak kararyna geldi.

Konsullyklar ýapylandan soň, Waşingtonyň ýurtdaky ýeke-täk diplomatik wekilçiligi Moskwadaky ilçihanasy bolup galar.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti, “Associated Press” agentlighiniň maglumatyna görä, Wladiwostokdaky we Ýekaterinburgdaky konsullyklaryň işini togtatmak planlary barada Kongrese 10-njy dekabrda habar berdi.

Soňra konsullyklaryň ýapylmak mümkinçiligi barada Russiýanyň "Kommersant" gazetinde hem habar berildi.

Wladiwostokdaky konsullygyň hemişelik, Uraldaky konsullygyň belli bir wagta çenli ýapyljakdygy aýdylýar.

Bu rus raýatlarynyň geljekde ABŞ wizasy üçin diňe Moskwadaky amerikan ilçihanasyna ýa-da beýleki ýurtlardaky ABŞ wekilhanalaryna ýüz tutmaly boljakdygyny aňladýar.

XS
SM
MD
LG