Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda ýarylan awtoulag bombasy azyndan dokuz adamy öldürdi


Partlamada garyndaşynyň ölenini eşidip aglaýan zenan. Kabul, 15-nji dekabr.
Partlamada garyndaşynyň ölenini eşidip aglaýan zenan. Kabul, 15-nji dekabr.

Owganystanyň Içeri işler ministrligi paýtagt Kabulda partladylan awtoulag bombasynyň azyndan dokuz adamy öldürip, ýigrimi adamy ýaralandygyny habar berdi.

20-nji dekabrdaky bomba hüjüminde parlament agzasy Han Muhammad Wardagy alyp barýan ulag kerweni nyşana alyndy. Wardak ýaralandy.

"Terrorçylar Kabul şäherinde terrorçylykly hüjümi amala aşyrdy. Gynansak-da, dokuz watandaşymyz öldürildi, ýigrimi çemesi adam ýaralandy" diýip, Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Tarik Arian aýtdy.

Ýogalanlaryň sanynyň artmak ähtimallygy bar, ejir çekenler esasan asuda ilata degişli. Partlama wagtynda üç awtoulag weýran boldy, golaýdaky dükanlara ot düşdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.

“Talyban” bilen owgan hökümetiniň gepleşik geçirip, onlarça ýyl bäri dowam edýän söweşleri soňlajak parahatçylyk şertnamasyny baglaşmaga synanyşmagy bilen, soňky aýlarda Owganystanda bolýan zorlukly wakalar has-da güreldi.

Ýurduň dürli künjeklerinde yzygiderli çaknyşyk bolýar, Kabula garşy bomba we raketa hüjümleri gurnalýar. 15-nji dekabrda Kabulda bolan bomba partlamasy we atyşyk netijesinde azyndan üç adam, şol sanda welaýat häkiminiň orunbasary öldürildi.

XS
SM
MD
LG