Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa ýurda girmegi gadagan edilen ÝB resmileriniň sanawyny giňeltdi


Alekseý Nawalny

Russiýa, Ýewropa Bileleşiginiň Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnynyň zäherlenmegi sebäpli rus resmilerine syýahat gadagançylygyny girizmek baradaky "kabul ederliksiz" kararyna jogap edip, ýurda girmegi gadagan edilen ÝB resmileriniň sanawyny giňeldendigini aýtdy.

Moskwadaky Daşary işler ministrligi “Russiýa Federasiýasyna girmegi gadagan edilen Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň we guramalaryň wekilleriniň sanawyny giňeltmek kararyna geldi” diýlip, ministrligiň 22-nji dekabrda çap eden beýanatynda aýdylýar.

Şeýle-de, ministrlik nyşana alnanlaryň “Ýewropa Bileleşiginiň çäginde Russiýa garşy sanksiýalar inisiatiwalaryny öňe sürmäge jogapkär” hasaplanýandygyny hem belledi.

Beýanatda resmileriň atlary mälim edilmedi, ýöne ministrlik bu karar barada habarly etmek üçin Germaniýanyň, Fransiýanyň we Şwesiýanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň Moskwadaky delegasiýasynyň çagyrylandygyny hem aýtdy.

Nawalny awgust aýynda Russiýadaky bir uçarda huşuny ýitirenden soň, bejergi almak üçin Germaniýa iberildi.

Soňra Germaniýadaky, Fransiýadaky we Şwesiýadaky laboratoriýalar Kremliň esasy tankytçysynyň sowet döwründe döredilen “Nowiçok” atly madda bilen zäherlenendigi barada netije çykardy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG