Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze wirus ştammy sebäpli girizilen Britaniýa-Fransiýa syýahat çäklendirmeleri gowşadyldy


Wirusyň täze görnüşi sebäpli, onlarça döwlet Britaniýa bilen gatnawlaryny kesdi.

23-nji dekabrda irden Fransiýa Britaniýa bilen öz serhetlerini açdy.

Mundan öň, Ýewropa Bileleşiginiň ýerine ýetiriji edarasy Britaniýada COVID-19 wirusynyň has tiz ýaýraýan mutasiýasynyň öňüni almak üçin bu ada girizilen syýahat çäklendirmelerini aýyrmagy maslahat beripdi.

Fransiýa bilen Britaniýanyň arasynda howa, demirýol we deňiz gatnawlary ýaňadandan ýola goýuldy. Şeýle-de, 72 sagadyň içinde geçirilen testiň netijesinde wirusyň ýokdugy anyklanan ýagdaýynda, ÝB-niň we Britaniýanyň raýatlaryna, şol sanda ýaşamaga rugsady bolanlara birek-biregiň serhedinden geçmegine rugsat berildi.

20-nji dekabrda girizilen gadagançylygyň netijesinde, Angliýanyň günorta sebitlerinde müňlerçe ýük ulagy toplandy.

Geçen dynç günleriniň dowamynda, Londonda we Angliýanyň günorta-gündogar sebitlerinde, wirusyň täze görnüşiniň uly depginde ýaýramagy sebäpli, petiklenme girizildi. Munuň yzy bilen, onlarça döwlet Britaniýa bilen gatnawlaryny kesdi.

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň Ýewropadaky ekspertleri mutasiýadan geçen wirusyň öňüni almak boýunça 23-nji dekabrda maslahat geçirýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG