Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda saýlawlara gözegçi toparynyň başlygy öldürildi


Owgan howpsuzlyk güýçleri gözegçilik edýärler.
Owgan howpsuzlyk güýçleri gözegçilik edýärler.

Owganystanyň paýtagty Kabulda näbelli hüjümçiler saýlawlara gözegçilik edýän garaşsyz synçy toparynyň başlygyny öldürdiler.

Kabul polisiýasynyň metbugat-wekiliniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Ýusuf Raşide we onuň sürüjisine garşy hüjüm 23-nji dekabrda ir bilen amala aşyrylypdyr. Hüjümiň netijesinde Raşid öldürildi, sürüji hem ýaralandy.

Belli graždan aktiwisti Raşid düýbi Kabulda ýerleşýän Owganystanyň Azat we Adalatly Saýlaw Forumy toparynyň dolandyryjy ýolbaşçysydy.

Hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.

Sentýabrdan bäri owgan hökümeti we “Talyban” jeňçileri ýurtdaky onlarça ýyl bäri dowam edýän urşa soň bermek maksady bilen, Katarda parahatçylyk gepleşiklerini geçirýärler.

Bu gepleşiklere garamazdan Owganystanda gazaplylyk dowam edýär. Ýurduň dürli künjeklerinde häli-şindi çaknyşyklar döreýär, şeýle-de paýtagt Kabulda bomba we raketa hüjümleri amala aşyrylýar.

Mundan başga-da, soňky aýlaryň dowamynda belli şahsyýetlere, şol sanda žurnalistlere, ruhanylara, syýasatçylara we adam hukuklaryny goraýjylara garşy hem hüjümler ýaýbaňlandy.

XS
SM
MD
LG