Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Eýrana ABŞ-nyň Yrakdaky ilçihanasyna edilip bilinjek hüjüm barada duýduryş berdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

Prezident Donald Tramp Eýrana Birleşen Ştatlaryň Yrakdaky harbylaryna ýa-da diplomatlaryna garşy amala aşyrylyp bilinjek islendik hüjüme garşy duýduryş berdi. Bu barada Tramp 23-nji dekabrda özüniň Twitter hasabynda ýazgy ýerleşdirdi.

Mundan birnäçe gün öň, Eýran tarapyndan goldanylýan şaýy söweşijileridigi güman edilýän jeňçiler ABŞ-nyň Bagdaddaky ilçihanasyna raketalary atypdy.

Trampyň duýduryşynyň öňýany, ABŞ-nyň milli howpsuzlyk resmileri Birleşen Ştatlaryň Yrakdaky bähbitlerine garşy amala aşyrylyp bilinjek islendik hüjüme garşy gaýtawul bermek boýunça prezidente mümkinçilikleriň toplumyny hödürlemek üçin maslahat geçirdiler.

Ençeme hepde bäri ABŞ resmileri Eýranyň ýa-da onuň bilen ilteşikli şaýy harbylarynyň, Eýranyň ýokary derejeli generaly Kasem Soleýmaniniň Birleşen Ştatlaryň dronly zarbasy netijesinde öldürilmeginiň ýyl dönümine gabatlap, hüjümleri amala aşyryp biljekdikleri barada maglumat berdiler.

Maslahatdan soň, Tramp Twitter hasabynda 20-nji dekabrda Birleşen Ştatlaryň Bagdaddaky ilçihanasyna edilen hüjüm bilen ilteşikli ýazgy galdyrdy.

“Ýekşenbe güni Bagdaddaky ilçihanamyza ençeme raketa atyldy. Üç raketa uçmady. Bular nireden gelendir öýdýärsiňiz: Eýran” diýip, Tramp Eýranda öndürilendigi aýdylýan raketalaryň suratynyň üstünde ýazgy ýerleşdirdi.

“Indi Yrakdaky amerikanlara garşy gönükdirilen başga hüjümler barada maglumatlary eşidýäris. Eýrana dostlarça maslahat: Eger-de ýekeje bir amerikaly öldürilse, men Eýrany jogapkärçilige çekerin. Oýlan” diýip, Tramp twitinde belledi.

Eýran Trampyň aýyplamalaryny esassyz atlandyryp, olary ret etdi.

XS
SM
MD
LG