Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Belarusyň polisiýa bölümlerine, ýokary derejeli resmisine garşy sanksiýalary girizdi


Polisiýa saýlawlardan soňky protestleri gazaplylyk bilen basyp ýatyrýar.
Polisiýa saýlawlardan soňky protestleri gazaplylyk bilen basyp ýatyrýar.

Birleşen Ştatlar Belarusda köpçülikleýin demonstrasiýalaryň gazaply basylyp ýatyrylmagy bilen baglylykda, belarus harby bölümlerine we ýokary derejeli howpsuzlyk resmisine garşy sanksiýalary girizidi.

Belarusda 9-njy awgustda geçirilen dawaly saýlawlardan bäri Aleksandr Lukaşenkanyň häkimiýetden çekilmegini talap edip her gün diýen ýaly protestler geçirilýär. Oppozisiýa prezidentlik saýlawlarynyň galplaşdyrylandygyny aýdýar, Günbatar hem onuň netijelerini ykrar etmekden ýüz öwürýär.

Polisiýa saýlawlardan soňky protestleri gazaplylyk bilen basyp ýatyrýar.

23-nji dekabrda ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo “Belarusdaky demokratiýany basyp ýatyrmak ugrunda edilýän tagallalar” diýip atlandyran hereketleri ýazgardy.

“Biz gahryman belarus halky bilen. Biz olaryň açyk we adalatly saýlawlar baradaky hukuklaryny goldaýarys” diýip, Pompeo belledi.

Birleşen Ştatlaryň Maliýe departamenti Belarusyň içeri işler ministriniň birinji orunbasary Gennadiý Kazakewiçiň ABŞ-daky serişdeleriniň doňdurylýandygyny we onuň bilen islendik tranzaksiýalaryň gadagan edilýändigini mälim etdi. Kazakewiç oktýabrda demonstrantlara garşy söweş oklaryny ulanmak bilen haýbat atypdy.

Sanksiýalara ýene Minskiň pitnä garşy polisiýasy (OMON), Minskiň ýerine ýetiriji komitetiniň içeri işler baş müdirligi we düýbi Minskde ýerleşýän KGB-niň “Alfa topary” girizildi.

XS
SM
MD
LG