Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň missiýasy Owganystandaky adam öldürmelerine alada bildirdi


Owgan howpsuzlyk güýçleri

BMG-niň Owganystandaky missiýasy uruşdan ejir çeken bu ýurtda adamlaryň nyşana alnyp öldürilmeginiň “hopukdyryjy” gerimine alada bildirdi.

Mundan öň, paýtagt Kabulda näbelli hüjümçiler saýlawlara gözegçilik edýän garaşsyz synçy toparynyň başlygy Ýusuf Raşidi öldüripdiler. Belli graždan aktiwisti Raşid düýbi Kabulda ýerleşýän Owganystanyň Azat we Adalatly Saýlaw Forumy toparynyň dolandyryjy ýolbaşçysydy.

Hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady. “Talybanyň” metbugat wekili Azatlyk Radiosyna özleriniň bu hüjüm bilen ilteşiginiň ýokdugyny aýtdy.

Soňky aýlaryň dowamynda Owganystanda belli şahsyýetlere, şol sanda žurnalistlere, ruhanylara, syýasatçylara we adam hukuklaryny goraýjylara garşy hem hüjümler ýaýbaňlandy.

Sentýabrdan bäri owgan hökümeti we “Talyban” jeňçileri ýurtdaky onlarça ýyl bäri dowam edýän urşa soň bermek maksady bilen, Katarda parahatçylyk gepleşiklerini geçirýärler. Bu gepleşiklere garamazdan Owganystanda gazaplylyk dowam edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG