Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Uzak dowam edýän Habarowsk protestlerinde 19 adam tussag edildi


Habarowsk protesti
Habarowsk protesti

Orsýetiň Uzak Gündogaryndaky Habarowsk şäheriniň polisiýasy sebitiň türmede oturan öňki häkimini goldamak üçin geçirilen demonstrasiýa gatnaşan adamlaryň azyndan 19 sanysyny tussag etdi diýip, aktiwistler aýdýar.

Polisiýanyň işine gözegçilik edýän OVD-Info topary 26-njy dekabrdaky protestçileriň kiçijik demonstrasiýa wagtynda tussag edilendigini aýtdy. Olar on ýyl gowrak mundan ozal bolan jenaýat bilen baglylykda, birnäçe adamy öldürmäge gatnaşmakda aýyplanan we iýul aýynda tussag edilen öňki häkim Sergeý Furgala arka çykýarlar.

Aşa sowuk howa garaman proteste çykan onlarça adam Habarowsk sebitiniň hökümet edarasynyň öňünde ýygnanyp, şäheriň merkezinden ýöriş etdi.

Bu Furgalyň tussag edilip, Moskwa alnyp gidileli bäri geçirilen 169-njy protest ýörişi boldy. Furgal özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär.

Furgal we onuň tarapdarlary bu aýyplamalary 2018-nji ýylda geçirilen gubernator saýlawynda gazanylan ýeňişden soňky ar alyş synanyşygy hökmünde düşündirýärler. Şol saýlawda Furgal dolandyryjy Birleşen Russiýa partiýasynyň agzasyndan, iş başyndaky häkimden üstün çykyp, halkyň saýlan wekili boldy.

XS
SM
MD
LG