Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa ýurtlarynda köpçülikleýin koronawirus sanjymlary başlandy


Dottor Filomena Licciardi Pfizer-BioNTech COVID-19 sanjymyny alyp, ýeňiş yşaratyny edýär. Naples, Italiýa. 27-nji dekabr, 2020.
Dottor Filomena Licciardi Pfizer-BioNTech COVID-19 sanjymyny alyp, ýeňiş yşaratyny edýär. Naples, Italiýa. 27-nji dekabr, 2020.

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň köpüsinde iň gowuşgunsyz toparlara sanjym edilip başlanmagy bilen, Ýewropada koronawirus ýokanjyna garşy köpçülikleýin sanjym programmalary resmi taýdan işe girizildi.

27-nji dekabr 27 agzaly bileleşikde V-güni, ýagny Ýeňiş güni diýip bilinýär. Ýewropadaky ýurtlara bir gün öň iki dozaly Pfizer/BioNTech sanjymlarynyň ýükleri gelip ýetdi.

Çehiýanyň premýer-ministr Andrej Babiş bu sanjymy ilkinji bolup Pragadaky harby keselhanada aldy.

"Düýn Ýewropa Bileleşiginden gelen sanjym biziň adaty durmuşymyza dolanmagymyz üçin bir umyt” diýip, Babiş sanjymyny almazdan ozal milli telewideniýede berlen beýanatynda aýtdy.

Sanjymyň howpsuzlygyna we netijeliligine bolan halk ynamyny ýokarlandyrmak maksady bilen telewizorda sanjym alşy görkezilen syýasatçylaryň arasynda Slowakiýanyň prezidenti Zuzana Kaputowa we Bolgariýanyň Saglyk ministri Kostadin Angelow hem bar.

Syýasatçylar we bilermenler sanjymyň hemme isleg bildirýänler üçin elýeterli bolmagynyň birnäçe aý aljakdygyny, şoňa çenli aralykda ýüz maskalaryny geýmek, el arassalamak we fiziki taýdan uzaklygy saklamak ýaly çäreleri dowam etdirmegiň zerurdygyny duýdurýarlar.

XS
SM
MD
LG