Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeçenistanda gurlan täze sport toplumyna Kadyrowyň 15 ýaşly oglunyň ady dakyldy


Ramzan Kadyrow

Çeçen häkimiýetleri ýurduň gündogaryndaky bir obada býujet serişdesine gurlan iki gatly sport toplumyna Ramzan Kadyrowyň 15 ýaşly ogly Ahmadyň adyny dakdy. Bu maglumat "Grozny" döwlet telekanaly tarapyndan köpçülige ýetirildi.

“Ahmad Kadyrow “Ahmat” söweş klubynyň uçurymy, ol eýýäm halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy başardy we ýekeje-de ýeňlen gezegi ýok. Sport bilen professional derejese meşgullanmagyndan başga, Ahmat dini hem öwrenýär we okuwlarynda iň ýokary netijeleri görkezýär. Ol öz deň-duşlary üçin görelde bolýar” diýip, telekanalyň sýužetinde gürrüň berilýär.

Binanyň resmi taýdan açylan güni onuň öň tarapynda Ramzan Kadyrowyň we onuň kakasy Ahmadyň portretleri asyldy.

2016-njy ýylyň oktýabr aýynda Groznyda geçirilen MMA garyşyk söweş sungaty ýaryşyna 10 ýaşly Ahmad Kadyrowyň we onuň doganlarynyň gatnaşmagy rus sportynda dawa döretdi.

Söweşler Russiýanyň MMA Bileleşiginiň prezidenti Fýodor Ýemelianenko tarapyndan tankyt edildi, şondan soň oňa köp haýbat atyldy, onuň gyzyna bolsa Moskwada hüjüm edildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG