Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Kreml tankytçysy Nawalna garşy jenaýat işini açdy


Nawalnyý aýyplamalary hökümetiň zäherlenmeden aman gutulandygy... üçin özünden ar almak synanyşygy hökmünde ret etdi. 
Nawalnyý aýyplamalary hökümetiň zäherlenmeden aman gutulandygy... üçin özünden ar almak synanyşygy hökmünde ret etdi. 

Russiýanyň Derňew komiteti Kreml tankytçysyny korrupsiýa garşy guramasyna geçirilen ýüzlerçe million rubl ogurlamakda aýyplap, Alekseý Nawalna garşy jenaýat işini açdy.

Bu jenaýat işi indi awgust aýynda harby derejeli nerw agenti bilen zäherlenenden soň Germaniýada bejergi alýan Nawalnynyň Russiýa gaýdyp gelip, günäli tapylsa uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilip bilinjekdigi baradaky soraglary döredýär.

Nawalnyý soňky bildirilen aýyplamalary hökümetiň zäherlenmeden aman gutulandygy we onuň arkasynda duranlary paş edendigi üçin özünden ar almak synanyşygy hökmünde ret etdi.

Aktiwist özüniň zäherlenmegini döwletiň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan kast etmek synanyşygy hökmünde häsiýetlendirdi.

Nawalnyý hökümetiň iň ýokary derejelerindäki korrupsiýa bilen baglanyşykly jikme-jik derňewleri sebäpli Kremliň böwrüne sanjy boldy we birnäçe gezek gysga wagtlyk tussag edildi.

Nawalna garşy jenaýat işiniň gozgalmagy ýurtdaky durmuş-ýaşaýyş derejesiniň peselmegi we jemgyýetdäki lapykeçligiň ösmegi bilen, Kremliň oppozisiýa garşy basyp ýatyrmalaryny barha güýçlendirýän wagtyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG