Güýçli ýer titremeleri Horwatiýa ikinji gün, yzly-yzyna sarsgyn berýär. Ýer yranmalary netijesinde azyndan alty adam öldi, 20-den gowrak adam ýaralandy. Desgalara, şol sanda ýurduň paýtagty Zagrebdäki binalara hem zeper ýetdi.
Ýerli teleýaýlymlarda ýer titremesinden soň halas edijileriň adamlary harabalykdan çykarmaga synanyşýan wideolary görkezildi.
Ortaýer deňziniň seýsmologiýa merkeziniň habaryna görä, ýer titremesiniň güýji Rihter şkalasynda 6.3-e ýetdi.
Germaniýanyň Geologiýa ylymlary boýunça barlaglar merkezi 6,4 ball güýji bolan ýer titremesiniň merkeziniň Zagrebiň 46 km günorta-gündogarynda, takmynan 10 kilometr çuňlukda ýerleşendigini habar berdi.
Ýer titremesi Horwatiýanyň hemme ýerinde, goňşy Serbiýada, Bosniýada we Sloweniýada hem duýuldy.
Wise-premýer Tomo Medwed ölenleriň arasynda Petrinha şäherinden 12 ýaşly gyzyň we goňşy obadan başga-da bäş adamyň bardygyny aýtdy.
Polisiýa azyndan 20 adamyň ýeňil ýaralanandygyny, alty adamyň agyr ýaralanandygyny aýtdy.