Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azyndan 33 ýurtda täze, has ýokanç wirusyň ýaýraýandygy aýdylýar


 London
London

Koronawirusyň ikinji gezek Angliýada tapylan täze görnüşiniň ýüze çykarylandygyny habar berýän ýurtlaryň sany azyndan 33-e ýetdi we bu ýagdaý onuň britan resmileri howsala jaňyny kakaly bäri geçen üç hepdä golaý wagtda eýýäm giňden ýaýrandygyny görkezýär.

Angliýada koronawirus ýokuşmalarynyň köpelmeginiň sebäbi onuň ozalky, asyl görnüşine garanda has ýokuşagan täze görnüşiniň ýüze çykmagy bilen düşündirilýär.

Wirus ýokuşmalaryna jogap hökmünde, soňky dört günüň dowamynda gündelik täze wirus ýokuşmalarynyň 50 müňden geçmegi bilen, Angliýa 1-nji ýanwarda adatdan daşary hassahanalary gaýtadan işe girizdi we Londondaky başlangyç mekdepleri ýapdy.

Köp ýurtlaryň baýramçylyklardan soň keselçilik ýagdaýlarynyň köpelmegine garaşmagy bilen, saglyk gullugy näsaglaýanlaryň has gürelmegine taýynlyk görýändigini we has köp düşek gerekdigini aýtdy.

Çalt ýaýran koronawirus ABŞ-da tassyklanan nasaglaryň sanynyň 1-nji ýanwarda 20 milliondan geçmegine sebäp boldy. Bu ýurtda COVID-19 ýokuşmalarynyň sany bir hepdeden hem az wagt öň 19 milliona ýetipdi.

ABŞ-dan soňky orunda Hindistan we Braziliýa durýar, olar degişlilikde 10,2 milliondan gowrak we 7,6 milliondan gowrak tassyklanan hadysany hasaba aldy.

Russiýa 3,1 näsag bilen dördünji orunda durýar. Maglumatlar ABŞ-da COVID-19-dan ýogalanlaryň 346 müňden gowrak bolup, dünýäde bu dertden ölen 1.8 milliondan gowrak adamyň bäşden birine golaýdygyny görkezýär.

XS
SM
MD
LG