Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen we türk prezidentleri telefonda gürleşdi


 Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Ankarada türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedowy garşy alýar. 3-nji mart, 2015
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Ankarada türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedowy garşy alýar. 3-nji mart, 2015

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji ýanwarda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen telefonda gürleşdi. Iki lider bir-birini täze, 2021-nji ýyl bilen gutlady we bir-birege üstünlik arzuw etdi.

TDH telefon söhbetdeşliginiň türk tarapynyň başlangyjy boýunça geçirilendigini habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, G.Berdimuhamedow Türkiýäniň Türkmenistan üçin doganlyk döwletdigini nygtady.

Şeýle-de taraplaryň söwda-ykdysady gatnaşyklaryň oňyn ösüşini belläp, energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň wajypdygyny aýratyn nygtandyklary habar berilýär.

Mundan başga, taraplaryň ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga çalyşýandygy tassyklanyldy.

Iki kärdeşiň nobatdaky telefon söhbetdeşligi türk-türkmen gatnaşyklarynyň öňki ýyllardaka garanda sowaýandygy baradaky çaklamalaryň yz ýanyna gabat geldi. Türk mediasynda çykan habarlara görä, Rejep Taýyp Erdogan Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramyna gabat öz wideogutlagyny iberdi. Emma bu wideogutlag, beýleki gutlaglardan tapawutlylykda, türkmenistanlylara eşitdirilmedi.

Geçen ýyl Türkiýede ýaşamak rugsadyny alan daşary ýurtlularyň arasynda türkmenistanlylar üçünji orunda durýar we bu ýurt işsizlik zerarly daşary ýurtlara çykan türkmen migrantlarynyň iň köp ýaşaýan ýeri diýip hasaplanýar.

2020-nji ýyl daşary ýurtlardaky, şol sanda Türkiýedäki türkmen aktiwistleriniň has işjeňleşen ýyly boldy we resmi Aşgabat protest guramaçylarynyň käbirini jenaýatda aýyplap, yzyna getirmäge synandy we bu meseledäki şowsuzlyk iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasyndaky gatnaşyklara belli bir derejede ýaramaz täsir ýetirdi diýip, synçylar aýdýar.

Mundan öň Türkmenistan ýurtda garaşsyzlyk ýyllarynyň başyndan bäri iň uly döwlet taslamalaryny ýerine ýetiren türk firmalaryny gysyp çykaryp, ýerli gurluşyk firmalaryny öňe çykardy.

XS
SM
MD
LG