Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: ABŞ-nyň resmileri Trampyň öleneriň sany barada aýdanlaryny ret edýärler


Donald Tramp
Donald Tramp

ABŞ-nyň iň ýokary derejeli saglygy saklaýyş resmileri prezident Donald Trampyň ABŞ-da COVID-19-dan ölenleriň sanynyň çişirilendigi barada aýdanlaryny ret etdiler.

Tramp 3-nji ýanwarda Twitterde Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkeziniň (CDC) "beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende gülkünç kesgitlemek usulyny ulanýandygyny, köpüsiniň nätakyk, gaty nädogry we pesdigini" aýtdy.

Tramp öz aýdanlaryny subut etmezden öňe sürdi we saglyk işgärleriniň ölümiň sebäpleri barada şübhe dörän halatynda ony COVID-19 diýip hasaba alýandygyny öňe sürdi.

Hirurg general Jerom Adams CNN telekanalyna beren interwýusynda Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkeziniň berýän sanlaryny sorag astyna goýmaga hiç hili esasyň ýokdugyny aýtdy.

ABŞ-nyň ýokanç keseller boýunça ýokary derejeli hünärmeni Entoni Fau "bu hakyky sanlar, hakyky adamlar we hakyky ölümler" diýip, ABC telekanalyna aýtdy.

Dünýäniň başga bir ýerinde müňlerçe adam Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda waksina almak üçin nobata durdular. Pekin hytaý täze ýylyna çenli millionlarça adama koronawirusa garşy sanjym etjegini aýdýar.

Ýaponiýada koronawirus keseliniň ýaýbaňlanmagy ýurduň saglyk ulgamyna agram saldy. Tokio şäherinde adatdan daşary ýagdaý girizildi.

XS
SM
MD
LG