Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AÝ/AR-nyň öňki başlyklary Baýdeni neşiriň “dürslügini goramak” üçin çalt hereket etmäge çagyrýar


Praga. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň (AÝ/AR) binasy
Praga. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň (AÝ/AR) binasy

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň (AÝ/AR) öňki bäş prezidenti ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Jo Baýdeni 20-nji ýanwarda işe başlanyndan soň, ABŞ-nyň Global metbugat gullugynyň başlygy Maýkl Pakyň ornuna başga birini bellemek üçin çalasyn hereket etmäge hem-de ABŞ-nyň federal derejede maliýeleşdirilýän halkara radio gepleşikleriniň “dürslügini goramak” üçin zerur bolan beýleki çäreleri görmäge çagyrdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň öňki prezidentleriniň Baýdene 8-nji ýanwarda iberen bilelikdäki hatlarynda Pakyň “kadrlar we syýasat çäreleriniň radio programmalaryna ideologiýa reňkini çaýmaga we berk hökümet hem-de syýasy gözegçiligini ýola goýmaga çalyşmak bilen, ABŞ-nyň halkara radiogepleşikleriniň ynamdarlygyny opurmak töwekgelligini döredýändigi” aýdylýar.

ABŞ-nyň Global metbugat gullugy (USAGM) “Amerikanyň sesi” we Kuba teleradioýaýlymlar gullugyna, şeýle hem ABŞ hökümetiniň grantlary bilen işleýän, erkin metbugaty bolmadyk ýurtlardaky habar çeşmeleri hökmünde çykyş edýän üç edara – Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna, Erkin Aziýa radiosyna (RFA) we Ýakyn Gündogar ýaýlym ulgamlaryna (MBN) gözegçilik edýär.

Pak prezident Donald Tramp döwründe agentligiň baş ýerine ýetiriji direktory wezipesine bellendi we bu wezipäni 2020-nji ýylyň iýun aýynda kabul etdi.

“Hususan-da, Tramp dolandyryşynyň tamamlanmagyna birnäçe gün galanda, özem biz munuň onuň işidigine ynanýarys - jenap Pak öz ideologiki wekillerini gelýän iki ýyl üçin adminstrasiýalaryna girizmäge synanyşyp, AÝ/AR-nyň, EAR-nyň, Ýakyn Gündogar ýaýlymlar ulgamynyň dolandyrylyşynda, bu ulgamlaryň hökümet bilen gatnaşyklaryny düýpgöter üýtgetmek üçin, düýpli üýtgeşmeleri teklip edýär” diýip, öňki prezidentleriň hatynda nygtalýar.

Baýdene iberilen hata AÝ/AR-nyň ozalky bäş prezidenti, bu edara 1994-2020-nji ýyllar aralygynda ýolbaşçy bolan adamlar, Kewin Klose (1994-1997); Tom Dine (1997-2005); Jeffri Gedmin (2007-2011); Tom Kent (2016-2018) we Jeými Fly (2019-2020) gol çekdi. Jeými Flaý prezidentlikden iýun aýynda, işe başlanyndan gysga wagt soň, Pakyň bu wezipä bellenmegi bilen, birden işden aýryldy.

XS
SM
MD
LG