Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran lideri ABŞ-dan we Angliýadan COVID-19 sanjymlaryny import etmegi gadagan edýär


Eýranyň ruhy lideri Aýatolla Hameneýi telewideniýede edýär. 8-nji ýanwar, 2021.

Eýranyň ruhy lideri Aýatolla Hameneýi telewideniýede eden çykyşynda ABŞ-da we Angliýada işlenip düzülen koronawirus sanjymlarynyň importuny gadagan etmegi buýrandygyny aýtdy.

Hameneýi bu sanjymlaryň netijeliligine ynanmaýandygyny aýtdy.

"Amerikalylar sanjym döredip bilýän bolanlygynda, olaryň öz ýurtlarynda koronawirus bilen bagly beýle başagaýlyklar bolmazdy" diýip, “Roýters” habar gullugy aýatollanyň sözlerini sitirleýär.

Hameneýiniň pikiriçe, ABŞ-da günde birnäçe müň adamyň koronawirusdan ölmegi amerikan sanjymynyň netijesizdigini subut edýär. Ol Angliýadaky ýagdaýa hem şeýle baha berdi we Fransiýa hem ynanmaýandygyny aýtdy.

Eýran häkimiýetleri mundan öň ABŞ-ny sanksiýa girizmekde we Tähranyň sanjymlary almagyna päsgelçilik döretmekde aýyplady.

Hameneýi Eýranyň öz bil baglaýan ýurtlaryndan sanjym alyp biljekdigini aýtdy. Emma ol anyk bir ýurduň adyny aýtmady.

Eýranyň Orsýetdäki ilçisi biraz öň bilelikdäki eýran-rus sanjymlaryny öndürmek planlarynyň işlenip düzülýändigini aýtdy.

Mundan başga, Eýran häkimiýetleri öz sanjymlaryny öndürmek üçin klinika synaglarynyň başlanandygyny aýtdylar.

Eýran ýakyn Gündogarda wirus ýokuşmalarynyň iň ýaýran ýurdy bolup, 1.2 milliondan gowrak hadysany hasaba alandygyny, COVID-19-dan 56 müňe golaý adamyň ölendigini aýtdy.

Emma synçylar bu sanlara şübheli garaýarlar we hakykatda ýagdaýyň has agyr bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG