Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Twitter Donald Trampyň hasabyny petikleýär


ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň twitter hasaby
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň twitter hasaby

Twitter kompaniýasy 8-nji ýanwar agşamy ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň 88 milliondan gowrak abunaçysy bolan twitter hasabyny hemişelik petikledi.

“@realDonaldTrump twitleriniň iň soňky twitleri we olar bilen bagly mazmun, hususan-da olaryň Twitterde kabul edilişi we düşündirilişi ünsli gözden geçirilenden soň, zorluga meçew berilmek töwekgelligi sebäpli, biz bu hasaby hemişelik ýatyrdyk” diýip, korporasiýanyň çap eden beýanatynda aýdylýar.

Şeýle-de, kompaniýa ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň soňky twitlerine we ulanyjylaryň käbiriniň olara bildiren reaksiýalaryna edilen synyň netijelerini çap etdi we, Tramp tarapdarlarynyň bir topary 6-njy ýanwarda Kapitol binasyna hüjüm edip, bäş adamyň ölümine sebäp bolandan soň, olar täze zorluk hereketlerine getirip biler diýen netijä geldi.

Demokratlar we käbir respublikanlar Trampy 6-njy ýanwarda, syýasy garşydaşy Jo Baýdeniň saýlawda gazanan ýeňşiniň tassyklanmagyny togtatmak üçin, öz tarapdarlaryna meçew berip, olary zorluga itermekde aýyplaýarlar.

Trampyň twitlerinde görnetin zorluk çagyryşy ýok. Ol Waşingtonda bolan wakany ýazgardy, ýöne twitleriniň birinde öz tarapdarlaryna "adalatsyz garalmagyna" ýol bermejekdigini ýazdy.

Trampyň ABŞ-nyň prezidenti hökmündäki resmi twitter hasaby işlemegini dowam etdirýär, ýöne ondaky twitler seýrek we tertipsiz görünýär.

Ak tam we Donald Tramp korporasiýanyň karary barada entek hiç bir düşündiriş bermedi. Mundan biraz öň Facebook hem Trampyň hasabyny doňdurdy.

XS
SM
MD
LG