Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda häkimiýet barada tankydy garaýyşlary beýan eden blogger tussag edildi


Otabek Sattoriý
Otabek Sattoriý

Özbegistanyň günortasyndaky Surhondarýo regionda ýerli häkimiýet barada tankydy garaýyşlary beýan eden bir blogger, onuň garyndaşlarynyň toslanandygyny aýdýan, aýyplamalar esasynda tussag edildi.

1-nji fewralda Içeri işler ministrliginiň Derňew departamenti Otabek Sattoriýe gorkuzyp pul almakda aýyplama bildirdi.

Sattoriýiň gyz dogany Farangiz Alimowanyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, 29-njy ýanwarda raýat eşigindäki howpsuzlyk gulluklary onuň doganyny öýünden alyp gidipdirler.

Alimowa doganynyň tussag edilýän edilýän pursadyny görkezýän howpsuzlyk kameralarynyň alan widesoyny hem Azatlyk Radiosyna ugratdy.

Alimowanyň bloggeriň aklawçysynyň sözlerine salgylanyp aýtmagyna görä, Sattoriýe anyklaşdyrylmadyk bir şahsyýetden gorkuzyp pullaryny we mobil telefonyny almakda aýyplama bildirilýär.

Sattoriýiň ýakynlary 1-nji fewralda Termiz şäher sudunyň ony deslapky tussaghana ýerleşdirmek barada höküm çykarandygyny aýtdylar. Olar bloggere garşy ýöňkelýän aýyplamalaryň toslanyp düzülendigini aýdýarlar.

40 ýaşly blogger ýerli häkim Tora Bobolowyň ýiti tankytçylarynyň biri hökmünde tanalýar.

Sattoriýiň “Halk Fikri” (“Halkyň pikiri”) atly meşhur wideo blogy Telegram we YouTube sosial ulgamlarynda paýlaşylypdy.

XS
SM
MD
LG