Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýa we Eýran daşary ýurtlarda öz raýatlaryna garşy repressiýa baş goşmakda öňdebaryjy ýurtlaryň hataryndadyr


Britan polisiýasynyň çap eden suraty 2018-nji ýylda öňki içaly Sergeý Skripaly hem-de onuň gyzyny Britaniýada zäherlemäge synanyşandyklaryna ynanylýan iki rus howpsuzlyk agentini görkezýär.

Russiýa we Eýran sürgünçileri nyşana almak üçin repressiýa tejribelerini daşary ýurtlara çenli giňeldýän iň awtoritar ýurtlaryň hataryndadyr diýip, “Freedom House” – Azatlyk öýi täze hasabatynda aýdýar.

4-nji fewralda çap edilen hasabata görä, rus hökümeti öňki insaýderleri we wehim hasaplanýan beýleki adamlary nyşana almagyň guraly hökmünde esasan jana kast edişlikden peýdalanyp, daşary ýurtlarda “örän agressiw” transmilli repressiýa çärelerini alyp barýar.

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän hökümete degişli bolmadyk gurama 2014 – 2020-nji ýyllar aralygynda dünýä boýunça anyklanan 26 sany jana kast edişligiň ýa-da jana kast edişlik synanyşygynyň ýedi sanysynyň rus kampaniýalarydygyny aýdýar.

Hasabata görä, eýran režimi üç ýurtda amala aşyrylan bäş sany jana kast edişlik ýa-da jana kast edişlik synanyşygy bilen ilteşdirilýär.

Pakistan, Azerbaýjan we ähli Merkezi Aziýa ýurtlary – Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan hem hüjüm, tussag etme, bikanun deportasiýa ýaly tilsimleri ulanyp, öz raýatlaryny daşary ýurtlarda nyşana alýan ýurtlaryň hataryndadyr.

“Ýurtdan gaçmak bilen awtoritar režimleriň amala aşyrýan gorkuzmalaryndan we zorlugyndan aman galmagy umyt eden” adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler, dissidentler, şol sanda olaryň maşgala agzalary “bütindünýä häsiýetli zorluk we gorkuzmalar bilen ýüzbe-ýüz galýar” diýip, hasabat aýdýar.

Hasabata görä, 2014-nji ýyldan bäri 79 beýemçi ýurtda pidalara garşy azyndan 608 sany göni fiziki transmilli hüjüm amala aşyryldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG