Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iş kesilen britaniýaly akademik daglykdan aşyp, pyýada Eýrandan gaçdy


Iran -- Kamil Ahmadi
Iran -- Kamil Ahmadi

Eýranda köpýyllyk türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolan asly eýranly britan antropology Britaniýa gaýdyp gelmek üçin, özüniň daglyk serhediň üsti bilen pyýadalap, Eýrandan gaçyp gaýdandygyny aýdýar.

Kamil Ahmadi 3-nji fewralda britan metbugatyna beren gürrüňinde özüniň türme hökümine garşy beren arzasynyň netijesine girew astynda garaşýan wagty gaçyp gaýdandygyny aýtdy.

“Men ýanyma päkili sumkamy, birnäçe kitap we noutbugymy aldym-da gaýdyberdim” diýip, Ahmadi BBC bilen söhbetdeşlikde aýtdy we öz ýany bilen ýyly egin-eşik hem alandygyny sözüne goşdy.

“Howa sowuk boldy, örän sowukdy, meýdan garaňkydy, gaty gorkunçdy” diýip, ol aýtdy.

Ol Guardian bilen söhbetdeşlikde eýran serhetçilerinden sowulmak üçin 1,5 metr çuňlukdaky garda we ümürli howada yrakly we türkiýeli kontrabandaçylaryň geçýän ýoluny yzlap, gaýdandygyny gürrüň berdi.

Ahmadi 2020-nji ýylyň dekabrynda duşman hökümet bilen hyzmatdaşlyk etmekde aýyplanyp, dokuz ýyl türme tussaglygyna höküm edildi hem-de 722 müň dollar möçberinde jerime tölemeli edildi. Ol özüne bildirilýän günäni ret edýär.

Ol 2019-njy ýylyň awgustynda tussag edildi we üç aý Tähranyň Ewin türmesinde boldy. Ahmadi ol ýerde özüniň “ak gynama” diýilýäne – “psihiki basyşlara” sezewar bolandygyny aýdýar.

Soňra akademik Rewolýusion kazyýetiň höküminden öň, girew astynda boşadyldy.

XS
SM
MD
LG