Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak protestçileri ýakynlarynyň hytaý tussaglygyndan azat edilmegine çagyrdylar


Protestçiler Hytaýyň Şinjiang sebitinde saklanýan ýakynlarynyň azat edilmegini talap etdiler. Almaty. 9-njy fewral, 2021 ý.
Protestçiler Hytaýyň Şinjiang sebitinde saklanýan ýakynlarynyň azat edilmegini talap etdiler. Almaty. 9-njy fewral, 2021 ý.

Gazagystanyň iň iri şäheri Almatyda sekiz gazak, aglaba aýallar Hytaýyň konsulhanasynyň öňünde protest geçirip, Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şinjiang sebitinde saklanýan ýakynlarynyň azat edilmegini talap etdiler.

9-njy fewralda demonstrantlar Şinjiangyň täzeden terbiýeleýiş lagerlerinde we türmelerinde saklanýan, şeýle-de ýurduň daşyna çykmagyna rugsat berilmeýän ýakynlarynyň suratlaryny hem ellerinde sakladylar.

Protestçiler ýakynlarynyň azat edilmegini talap edýän gazak, iňlis we hytaý dillerindäki plakatlary hem getirdiler.

“Perzentler atalaryndan jyda düşdi! Eneler ogullaryndan aýryldy! Gelinler ärlerinden mahrum galdy! Hytaýyň alyp barýan gennosidi bes edilmeli!” diýip, demonstrantlar gegyrdylar.

Demonstrantlaryň biri, 74 ýaşyndaky Sarkythan Kyzyrhangyzynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, onuň oglunyň Gazagystanda ýaşamak üçin resmi rugsady bolsa-da, hytaý resmileri eýýäm dört ýyllap onuň ýurtdan çykmagyna rugsat bermän gelýärler.

Protestiň golaýyndaky polisiýa işgärleri çärä gatyşmadylar.

Gazagystanda soňky ýyllaryň dowamynda şular ýaly protestleriň ençemesi geçirildi. Demonstrantlar gazak hökümetinden Şinjiangdaky etniki gazaklaryň ykbaly boýunça resmi ýagdaýda goşulmagyny talap edýärler.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Şinjiangda 2 milliona golaý uýguryň, gazagyň we beýleki azlyk toparlarynyň agzalarynyň tussaghanalarda saklanýandygyny aýdýar.

Hytaý bu merkezleriň täzeden terbiýeleýiş lagerleridigini ret edýär.

XS
SM
MD
LG