Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Hytaýyň prezidenti Si Szinpin bilen geçiren ilkinji telefon söhbetdeşliginde adam hukuklarynyň meselelerini gozgady


ABŞ-nyň we Hytaýyň döwlet baýdaklary.
ABŞ-nyň we Hytaýyň döwlet baýdaklary.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Hytaýyň lideri Si Szinpin bilen telefonda gürleşdi. Bu söhbetdeşlik Baýden geçen aý wezipä girişeli bäri iki lideriň arasynda geçirilen ilkinji telefon söhbetdeşligi boldy.

“Prezident Baýden Pekiniň mejbur ediji we adalatsyz ykdysady tejribeleri, Hong Kongdaky basyp ýatyrmalar, Sinszýanda adam hukuklarynyň depelenmegi, sebitde barha ýokarlanýan höküm ýörediji hereketler, şol sanda Taýwan babatyndaky hereketler boýunça özüniň baş aladalaryny nygtady” diýip, Ak tam 10-njy fewralda beren beýanatynda aýtdy.

Dünýäniň iň iri iki ýurdunyň arasyndaky gatnaşyklar ykdysady, syýasy we adam hukuklary bilen baglanşykly birnäçe mesele sebäpli erbetleşdi. Hytaýy koronawirus pandemiýasynda aýyplan öňki prezident Donald Tramp geçen ýylyň martyndan bäri Si bilen gürleşmedi.

Hytaýyň döwlet telewideniýesi Siniň Baýdene iki ýurduň tapawutlydygyny, ýöne bu parhlylyga erk edip boljakdygyny aýdandygyny habar berdi. Şeýle-de, Si ABŞ-a Hytaýyň özbaşdaklygyna we territorial bitewiligine, şol sanda Taýwan, Hong Kong we Sinszýan meselelerine gatyşmakdan ägä bolmagy duýdurypdyr.

Ak tam Baýden bilen Siniň pandemiýany, “global saglyk howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi, ýaraglaryň ýaýramagynyň öňüniň alynmagy bilen bagly umumy kynçylyklary” hem ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG