Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW özbek wideo blogçysy Otabek Sattoriniň tussag edilmegini ýazgarýar


Otabek Sattori

Human Rights Watch beýleki hukuk guramalaryna goşulyp, özbek wideo blogçysy Otabek Sattoriniň tussag edilmegini ýazgardy we oňa garşy bildirilýän gorkuzyp almak aýyplamasyny "şübheli" diýip atlandyrdy.

Şeýle-de HRW Merkezi Aziýa döwletiniň hökümetini blogça bildirilýän ähli aýyplamany ýatyrmaga hem-de ony boşatmaga çagyrdy.

"Otabek Sattoriniň korrupsiýa we daýhan hukuklary ýaly ynjyk meseleler boýunça blog açmagy ony ýerli häkimiýetleriň nyşanasyna öwürdi" diýip, Adam hukuklary guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça uly ylmy işgäri Mihra Rittmannyň 12-nji fewralda çap eden beýanatynda aýdylýar.

"Özbek häkimiýetleri Sattorin boşatmaly, subutnamanyň ýoklugy sebäpli aýyplamalary ýatyrmaly we söz azatlygyna hormat goýmaly, ony goramaly" diýip, Rittmann sözüniň üstüni ýetirdi.

“Telegram” we “YouTube” kanallarynda “Halkyň pikiri” wideo blogyny esaslandyryjy we 40 ýaşly redaktor ýanwar aýynyň ahyrynda tussag edildi.

Termez şäherindäki kazyýet ony 1-nji fewralda ýerli bazaryň başlygyndan gorkuzyp, täze jübi telefonyny almakda aýyplady we deslapky tussaghana ýerleşdirdi.

Sattoriniň aklawçysy öz müşderisine garşy açylan kazyýet işini "toslama" diýip atlandyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG