Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde ýüzlerçe adam mitinge gatnaşyp, häkimiýetlerden Merkezi Aziýa ýurdunda giň ýaýran korrupsiýa garşy çäre görmegi talap etdi.
Demonstrantlar 14-nji fewralda günortan, merkezdäki Ala-Too meýdançasyna tarap ýöriş etmezlerinden öň, Bişkegiň esasy demir ýol duralagasynyň golaýynda ýygnandylar.
Olar beýleki şygarlar bilen bilelikde, “Kanunyň hökmürowanlygyny talap edýäris” we “Biz ýagty geljegiň tarapdary” diýen şygarlary ýokary galdyrdylar.
Şeýle-de, ýörişe gatnaşanlar Bişkek kazyýetiniň ýakynda gümrük gullugynyň öňki resmisi Raimbek Matraýimow babatda çykaran ýeňilleşdirilen kararyny, daşary ýurtlara bikanun çykarylan ýüzlerçe million dollar bilen baglanyşykly hasaplanýan adamyň türmä basylman sypdyrylmagyny ýazgardylar.
Gyrgyzystanyň gümrük gullugynyň başlygynyň öňki orunbasary Matraimow, korrupsiýa aýyplamalaryny boýun alandan soň, bary-ýogy 3000 dollar jerime tölemeli edildi.
Kazyýet 11-nji fewralda Matraimowyň gözegçilik eden korrupsiýa ulgamlary sebäpli ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak üçin döwlete takmynan 24 million dollar töländigini aýtdy.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?