Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

1999-njy ýylda Moskwada terrorçylykly hüjüme gatnaşan türmede öli tapyldy


Halid Huguýew

1999-njy ýylda Moskwada bolan iki terrorçylykly hüjüme gatnaşandygy üçin azatlykdan mahrum edilen adam Sibiriň türmesinde öli tapyldy.

Habar beriş serişdelerinde 15-nji fewralda Orsýetiň Primorskiý Kraý sebitiniň Wolçanets şäherçesindäki 47-nji düzediş koloniýasynda 22 ýyl türme tussaglygynda oturan 65 ýaşly Halid Huguýewiň ölendigi habar berildi.

Bu aralykda, Derňew komitetiniň Primorskiý Kraý regionyndaky bölüminiň 15-nji fewralda ýaýradan beýanatynda, 65 ýaşly tussagyň 41 ýaşly ýene bir tussag bilen dawa-jenjelde kagyz kesmek üçin niýetlenen pyçak bilen öldürilendigi habar berildi. Beýanatda Huguýewiň ady agzalmady.

Huguýew we ýene bir adam Magumadzair Gadjikaýew 1999-njy ýylda Orsýetiň paýtagtynda bolan terrorçylyk hereketlerini gurnamakda we durmuşa geçirmekde günäli tapyldy.

1999-njy ýylyň aprelinde "Inturist" myhmanhanasyna edilen bomba hüjüminde 11 adam ýaralandy, şol ýylyň awgust aýynda Ohotny Rýad söwda toplumynda geçirilen ikinji partlamada bir adam ölüp, 39 adam ýaralandy.

Huguýew ilki bilen 25 ýyl, Gadjikaýew bolsa 15 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi. 2020-nji ýylda Ýokary Sud olaryň türme möhletlerini 22 we 13 ýyla çenli azaltdy. Huguýewiň şu ýylyň ahyrynda boşadylmagyna garaşylýardy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG