Saýlaw işgärleri Kosowanyň sowuk howa, koronawirus gorkusy we ykdysady aladalary sebäpli geçirilen irki ses berişlikde esasy oppozisiýa partiýasynyň aç-açan ýeňiş gazanandygyny aýtdy.
Resmiler 14-nji fewralda geçirilen saýlawlarda sesleriň 98%-tiniň sanalmagy bilen, "Wetewendosje" partiýasynyň 48% ses toplap, 17% ses alan Kosowanyň merkezi sagçy Demokratik partiýasyndan has öňe geçendigini mälim etdiler.
Konserwatiw dolandyryş partiýasy "Kosowanyň Demokratik Bileleşigi" 13% ses alyp, iň yzky orunda barýar.
Irki netijeler ýeňiji partiýanyň öňde barýandygyny görkezenden soň premýer-ministr bolmagyna garaşylýan "Wetewendosje" partiýasynyň lideri Albin Kurti ses berişligiň öz partiýasyna täze başlangyç üçin mümkinçilik döredendigini aýtdy.
"Öňümizde köp iş bar, sebäbi ýurt köp krizis bilen ýüzbe-ýüz bolýar" diýip Kurti aýtdy.
Şeýle-de bolsa, netijeler Kurtiniň 120 orunlyk mejlisde özbaşdak Ministrler kabinetini döretmek üçin zerur 61 orny alyp bilmejekdigini, şeýle-de öz garşydaşlary bilen koalision kabinetini döretmäge niýetiniň ýokdugyny görkezýär.
COVID-19 pandemiýasy ýüze çykmazdan ozal, Kosowanyň ykdysadyýeti ýokary işsizlik bilen göreşýär. Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa esasy meseleler bolup galýar.
Ýurtda koronawirus keseliniň 64 000 töweregi ýagdaýy hasaba alyndy we 1500-den gowrak adam ýogaldy.