Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýallar hem-de hökümet. Nawalnaýa, Tihanowskaýa we beýlekilere hökümete ýetmäge mümkinçilik barmy?


Alekseý we Ýuliýa Nawalnylar
Alekseý we Ýuliýa Nawalnylar
Sosial ulgamlarda we metbugatda "Ýuliýa Nawalnaýa biz üçin Tihanowskaýa bolup bilermi" diýen mowzukdaky pikirler has ýygy duş gelýär. Jemgyýet belli oppozisiýa syýasatçysynyň aýalynyň Russiýa Federasiýasynyň prezidentligine hakyky kandidat bolup biljekdigini göz öňüne getirýär, sebäbi Alekseý Nawalnynyň garşysyna açylan işiň gutaran ýa-da onuň ýatyrylan gününden başlap, on ýylyň dowamynda, onuň saýlawlara gatnaşmaga hukugy ýok.

2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda, Ksenia Sobçak dördünji orny eýeledi. Fokus toparlaryň görkezişi ýaly, saýlawçylaryň oňa garşy esasy närazylygy dolandyryş tejribesiniň bolmazlygy saýylypdy. (Bu kemçilik hakykat, ýöne şeýle ýetmezlik Ukrainada Wladimir Zelenskiniň öňüni alyp bilmedi, diýmek, döwlet ugruny üýtgedende dalaşgäriň şahsyýeti ýeke-täk möhüm faktor däl.) Jemgyýetçilik barlagyna görä, ruslaryň takmynan 80%-i aýallaryň syýasata goşulmalydygy baradaky soraga oňyn jogap berdi.

Russiýada täze hökümet gurmak meselesinde Belarusdaky ýagdaýyň gaýtalanmagy mümkin. Belarusyň Merkezi saýlaw komissiýasy Sergeý Tihanowskiniň inisiatiwa toparyny hasaba almakdan ýüz öwrenden soň, aýaly Swýatlana Tihanowskaýa prezidentlige kandidat hökmünde özüni hasaba aldyrmagy başardy we milli lider boldy. Bu işde onuň adamsynyň tussag edilmegi-de möhüm rol oýnady. Aslynda Swýatlana Tihanowskaýa belarus oppozisiýasynda ýeke-täk zenan şahsyýeti däl, Mariýa Kolesnikowa we Weronika Tsepkalo ýaly kandidatlar saýlawdan aýrylandan soň, ol oppozisiýada öňe saýlandy.

Ýuliýa Nawalnaýa beýle syýasatçy bolmasa-da, habar beriş serişdeleri onuň ýurduň prezidenti ýa-da geljekki oppozisiýa ulgamynyň ýolbaşçysy bolmagy mümkin diýip welilik satýarlar. Düşnükli bir zat bar: çykyş etmäge mejbur bolan seýrek çykyşlarynda, Ýuliýa duýgusyna erk edip bilýändigini, paýhasly we takyk iş (mesele) barada aýtmagy başarýandygyny aýdyň görkezdi. Alekseýiň zäherlenmeginden soň, onuň halas bolmagyna aýalynyň tutanýerliligi sebäp boldy.

Alekseý we Ýuliýa Nawalnylar
Alekseý we Ýuliýa Nawalnylar

Aýallaryň erkekleriň ornuny eýlemegi başarýandygyny, häkimiýet ugrundaky göreşde öňbaşçy bolup, ony dowam etdirmegi, aýallara mahsus bolmadyk berkligi hem gaýduwsyzlygy görkezýändigini jemgyýet bilýär hem ony kabul edýär. Nähili-de bolsa, taryhyň subut edişine görä, patriarhal jemgyýetde aýal diňe Indira Gandi ýa-da Benazir Bhutto ýaly syýasy taýdan täsirli maşgalanyň agzasy bolan halatynda, çynlakaý syýasatçy hökmünde kabul edilip bilner.

Russiýadaky ýagdaý barada aýdylanda, belli syýasatçy Ýuliýa Galýamina bu ýerde jyns stereotipleriniň bolmagy repressiw maşynyň işjeňligini birneme peselder diýip hasaplaýar. Ýerli organa deputat bolan Ý. Galýamina syýasy garaýyşlary üçin birnäçe gezek tussag edildi we dekabr aýynda oňa iki ýyl synag möhleti berildi.

– Nähili-de bolsa, kanunçylyk aýallara birneme ýumşagrak daraşýar. Aýallary gysmak häkimiýetleriň abraýy üçin howply. 90-njy ýyllardan başlap, 2013-nji ýyla çenli çagalar bilen aýallara töwekgelçilik has azalypdy, olar polisiýa bölüminde asla galdyrylmady. Indi aýalyň çagalary barmy ýa-da ýok – bu hiç kimi gyzyklandyranok; hatda köp çagasy bolan eneleri polisiýa bölüminde uzak wagtlap, käte hatda bir gijede-de saklaýarlar. Ýagny, bu edilýän iş kanundan düýbünden aýry. Bu asla ýaş gyzlara degişli däl, ýigitlere-de edil şonuň ýaly garalýar – diýip, Ý. Galýamina aýdýar.

Sankt-Peterburgda bolan miting wagtynda poliseýiň bir aýalyň garnyna degen hereketi, hatda syýasy taýdan bitarap raýatlaryň arasynda-da gahar-gazap döretdi. Bölüm (şol polisiýiň agyndan) derrew keselhana baryp, pida çekenden ötünç soramaly boldy. Ýolbaşçylary tarapyndan howp abanmasa, poliseýiň pidanyň öňünde gynanç bildirjegini ýa-da ötünç sorajagyny aýtmak kyn. Geçen ýylyň awgust aýynda Moskwada bir polisiýa işgäri tarapyndan garnyna urlan ýaş aktiwist Darýa Sosnowskaýadan hiç kim ötünç soramandy.

“Femdaça” proýektiniň awtory, suratkeş Darýa Serenko alty ýyl bäri feminist işjeňlik topary bilen meşgullanýar, bu sebäpli iki gezek işinden boşadylsa-da, öz hukuklaryny goramagyny dowam etdirýär:

– Menem siziň köpüňiz ýaly, tussag edilmegi, basyşy, jerime tölemegi, haýbat atmalary, gorkuzylmagy başdan geçirdim. Tanyşlarymyň nähili tussag edilendigini we gynamalara duçar edilişini gördüm. Geçen tomus meni umytsyzlyk we güýçsüzlik basmarlanda, gorkyny ýitirdim. Türmä gitmekden gorkamok – ýurdumyň mähriban raýatlarynyň muňa ýol bermejekdigine ynanýaryn. Öz gorkularym babatynda psihoterapiýa ugrundan bejergi alýan: maňa köp zada taýyn bolmak gerek, özümi goramagym, öz töweregimi, özbaşdaklygymy goramak möhüm – diýip, ol aýdýar.

2020-nji ýyl aýal-gyzlara tarap gyşarmanyň bolandygyny, syýasatda aýal ýolbaşçylara mümkinçiligiň dörändigini görkezdi. Oppozisiýadaky Maýa Sandu Moldowanyň prezidenti boldy, Gresiýada Katerina Sakellaropulu prezident saýlandy, ýogsam bolmasa Gresiýa aýallar meselesinde onçakly ösen ýurt däl. Beýleki saýlananlar barada aýdylanda: Kamala Harris ABŞ-yň wise-prezidenti, Ursula fon der Lýaýen Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti saýlandy.

Şeýle-de bolsa, Ýewropa institutynda jyns taýdan deňsizlik aýallaryň syýasata (ministrliklere, parlamente, assambleýa) gatnaşygynyň 30% çemesi bolandygy çaklanýar. Beýleki tarapdan Russiýa, Bütindünýä bankynyň geçiren barlaglaryna we Bütindünýä ykdysady forumynyň analitikleriniň bellemegine görä, erkekler we aýallar üçin deň mümkinçilikler sanawynda 75-nji orunda durýar. Ekspertler soňky syýasy wakalary we kanunçylyk başlangyçlaryny göz öňünde tutmazdan, Russiýada jyns deňsizligini ýeňip geçmek üçin, 99 ýyldan 108 ýyla çenli wagt gerek boljakdygyny çaklaýarlar.

Aýallaryň gerdenine düşýän "iki esse ýük", ýagny öý-hojalyk işleri, gazanç üçin bir ýerde işlemek, zenan saýlawçylaryň passiwliginiň görnetin bir sebäbidir. Russiýada aýallar ilatyň ýarysyndan gowragyny düzýär, umumylykda olar gowy bilimli we has uzak ýaşaýarlar, şeýle-de bolsa, saýlawlarda erkeklere ses berilýär.

Aýal-gyzlaryň syýasatdan aýrylmagy hökmany suratda ýüze çykjak täze ýagdaýa laýyk gelmeýär diýip, M.W. Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň Döwlet dolandyryş fakultetiniň uçurymy, Şäher syýasaty mekdebiniň ýaşlar programmalarynyň ýolbaşçysy Anastasiýa Popadin hasaplaýar:

– Biziň toparlarymyz az, ýöne prinsipde ýigitlerden has köp gyz bar. Her kimiň gyzyklanmasy düýbünden başga, özem ol jynsa bagly däl. Köp oglan bilim hem ylym bilen gyzyklanýar, köp gyzlar, mysal üçin, milli howpsuzlyk meseleleri bilen gyzyklanýar. Özümiň milli howpsuzlyk diplomym bardy. Gep geljekde nirä işe gitjekdigiňde; özüňi jemgyýetçilik syýasatyna bagyşlajakmy ýa-da haýsam bolsa bir edara? Bu mesele, has dogrusy; 50-50.

Häzir men syýasatda ýaşlaryň ýolbaşçylyk orny barada kitap ýazyp, aýallaryň ýüzbe-ýüz bolup biläýjek meselelerine analiz berýän. Şol sanda özümiň şäher häkimlik saýlawlaryna gatnaşmak tejribäm barada aýdyp, aýallaryň dürli hüjümlere nähili döz gelmelidigini öňe sürýän. Mysal üçin, siz bir zat gazanan bolsaňyz, düşegiň üsti bilen ýa-da şoňa meňzeş zatlaryň üstünden gazanansyň diýlen garaýyş bar. Aktiw gyzlaryň köpüsiniň şeýle görnüşde kemsidilýändigini men anyk bilýärin – diýip, Anastasiýa aýdýar.

Darýa Serenko düýpden başga görnüşdäki aktiwist, ol "syýasata girmek" isläninde, şol derejedäki ynamsyzlyk bilen ýüzbe-ýüz boldy:

– Ýaş aýal Russiýada syýasy iş bilen meşgullanmak isleýändigini aýdanda, köplenç her gatlakdaky adamlaryň, aýratyn-da öz syýasy gullugyna ynanmaýan aýallaryň ynamsyz gülküsi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Men muny sosial mediada bir ýa-da iki gezek gördüm. "Syýasata girmek" islegimi (niýetimi) köpçülige aýan edenimde, şolar ýaly kakdyrylyp aýdylan sözleri eşitdim. Göýä diýersiň, syýasat sözüni utgaşdyrmak geň, hamana syýasat nähilidir bir ahyrky baryljak ýer, sen ägirt uly ýük bilen göçüp barýan ýaly. Feminizm bolsa maňa syýasatyň gündelik adaty işdigini, onuň her günde gaýtalanyp durýan ownuk hem uly işlerdigini öwretdi – diýip, jemgyýetçilik aktiwistkasy aýdýar.

Geň ýagdaý, zenan syýasatçyny haýran galdyrýan täsin bir gapma-garşylyk, eger çagalary bar bolsa, onda şeýle sorag ýüze çykýar, ol nädip köp çagaly halyna agyr zähmet talap edýän hünäri saýlap alýar; tersine – çagalaryna köp alada sarp etjek wagtnda, ol nähili syýasatçy bolýar? “Korrupsiýa garşy göreş” fondumyň işgäri Lýubow Sobol hakda ýazanda rus habar serişdeleri şuňa meňzeş soraglary aktiw ulandylar. 2019-njy ýyldaky saýlaw kampaniýasynda Sobol Moskwa şäher Dumasyna dalaşgär görkezilende, döwlete tarapdar habar serişdeleri hem internet-neşirleri jynsy negatiw garaýyşlary aç-açan ulandylar.

Muňa garamazdan, feminizm aktiwisti Darýa Serenko jyns üýtgemeleriniň geljeginiň gutulgysyzdygyny çaklaýar:

– Meniň pikirimçe, işjeňlikde we ynsan hukuklaryny goramakda, aýallar erkeklerden az däl, belki, hasam köp. Bar ýagdaý jynsy stereotipler bilen baglanyşykly, şoňa görä-de, syýasy gyzyklanma we dünýäni üýtgetmek isleýän aýal bu ugurdaky erkeklere garanyňda, örän seýrek bolup durýar. Mundan daşary, aýallar jemgyýetçilik täsirine-de az aralaşýarlar hem özüni görkezmäge derek, “bilermen-erkeklere” ýol berýärler. Ýöne munuň özi, elbetde, üýtgeýär we bu üýtgeşmeleri duruzyp bolmaz – diýip, Serenko ynanýar.

Eger saýlawlar adalatly bolsa hem-de zenan kandidat kabul edilse, olar ýeňip biler. Häzirlikçe jemgyýetiň bir bölegi aýallar kelemli çorba bişirmeli hem çaga dogurmaly diýip düşünýärler. Beýleki bölegi bolsa, uzak wagtdan bäri millioner-çinowniklere seredip, "erkekler" syýasatyndan lapykeçligini mälim edýär.

Material Azatlyk Radiosynyň Rus gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG