Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gürjüstanyň premýer-ministri Giorgi Gahariýa wezipeden çekildi


Georgi Gahariýa

Gürjüstanyň baş oppozisiýasynyň ýolbaşçysy tussag edilenden soňra, ýurduň premýer-ministri Giorgi Gahariýa 18-nji fewralda wezipeden çekildi.

Tbilisiniň şäher kazyýeti 17-nji fewralda Birleşen Milli Hereketiň başlygy Nika Melianyň tussag edilmegi boýunça prokuraturanyň beren haýyşyny kabul etdi. Oppozisiýa bu gozgalan işi ýazgardy we onuň syýasy matlaplydygyny aýtdy.

Kazyýetiň karary oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynyň yz ýany, ýurtda syýasy krizisiň dowam edýän wagtyna gabat gelýär. Garaşsyz synçylar parlament saýlawlarynda bidüzgünçiliklere ýol berlendigini aýdýarlar.

Oppozisiýa partiýalarynyň ählisi öz ygtyýarlyklaryny kabul etmekden ýüz öwrüp, parlamenti boýkot edýär.

Gahariýa özüniň işden çekilýändigini Tbiliside geçirilen ýörite metbugat ýygnagynda yglan etdi. Ol Melia garşy çykarylan kazyýet karary boýunça hökümet başyndaky koalisiýa bilen ylalaşmaýandygyny aýtdy.

Melia 2019-njy ýylda geçirilen hökümete garşy protestlerde “köpçülikleýin zorlugy” guramalaşdyrmakda aýyplanýar. Ol aýyplamalary ret edýär, olaryň syýasy matlaplydygyny aýdýar. Ýöne hökümet başyndaky Gürjüstan arzuwy partiýasy aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny ret edýär.

41 ýaşly syýasatçy, eger höküm çykarylsa, dokuz ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum ediler.

Kazyýet kararynyň yz ýany, oppozisiýa partiýalarynyň ýolbaşçylary hem-de Melianyň goldawçylary 17-nji fewralda Birleşen Milli Hereketiň Tbilisidäki baş binasyna ýygnandylar we eger-de polisiýa kazyýetiň kararyny ýerine ýetirmekçi bolsa, oňa özleriniň böwet boljakdygyny aýtdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG