Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Nawalny türmeden gaçmaga meýilli diýip hasaba alyndy


Alekseý Nawalny

Oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň saklanylýan deslapky tussaghanasynyň Öňüni alyş topary ony “gaçmaga meýilli” diýen bellige aldy. Syýasatçy muny özüniň Instagram sahypasynda yglan etdi.

Nawalny özüne garşy görlen çäräni Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Gelenjikdäki köşgünde geçirilen derňew sebäpli basyş hasaplaýandygyny aýtdy. Oppozisioner komissiýanyň karary bilen tanşandygyny görkezýän kagyzlara gol çekmeginiň soralandygyny hem sözüne goşdy.

Nawalny öz ýazgysynda "Meni ozal diňe bir ulag kerweninde däl-de, eýsem başlary kaskaly, elleri awtomatly ýörite güýçleriň ugratmagynda äkidip-getirýärdiler, megerem indi el-aýagyma gandal hem salarlar” diýdi.

Moskwanyň kazyýeti fewral aýynda Nawalnyny 2014-nji ýylda kezzaplyk aýyplamasy esasynda çykarylan höküm esasynda, 2 ýyl 8 aý türmä ibermek kararyna geldi.

Adam hukuklary boýunça Ýewropa kazyýeti 2017-nji ýylda “Iw Roşe” işi diýilýän esasynda ýyl kesilen oppozisioneriň, ýagny Nawalnynyň adalatly sud seljerişligi hukugynyň bozulandygyny aýtdy.

Oňa kompensasiýa tölendi. Emma Russiýanyň Ýokary kazyýeti bu karary kanuny diýip ykrar etdi we ony üýtgetmekden ýüz öwürdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG