Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Katarda owgan parahatçylyk gepleşikleri ýaňadandan başlady


"Talybanyň" wekilçilikli toparynyň agzalary Katarda (arhiw suraty)
"Talybanyň" wekilçilikli toparynyň agzalary Katarda (arhiw suraty)

Katarda “Talyban” we owgan hökümetiniň wekilleriniň arasynda, bir aýa çeken arakesmeden soňra, parahatçylyk gepleşikleri ýaňadandan başlady. Bu gepleşikler uruşdan ejir çekýan Owganystanda gazaplylygyň geriminiň artmagynyň arasynda geçirilýär. Birleşen Milletler Guramasy parahat ilatyň arasyndan adam pidalarynyň öňüni almak üçin, ok atyşyklary dessine togtatmaga çagyrdy.

22-nji fewralda giçlik “Talybanyň” metbugat wekili gepleşikleriň täzeden başlanandygy barada özüniň Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.

TOLOnews gullugy jeňçi toparynyň metbugat wekiline salgylanyp, maslahatyň Dohada wekilçilikli toparlaryň başlyklarynyň we käbir beýleki agzalarynyň arasynda geçirilendigini, şeýle-de onuň dowamynda gepleşikleri dowam etdirmek barada gürrüň edilendigini habar berdi.

Ozalky gepleşikler geçen aý başlanandan az wagt soňra, birden togtadylypdy.

Owgan hökümeti, Birleşen Ştatlar we NATO üçin ýurtda gazaplylygyň geriminiň azalmagy netijesinde parahatçylyk gepleşiklerine ýol açylmagy esasy maksat bolup durýar.

“Talyban” munuň maslahat edilip bilinjekdigini aýtsa-da, häzire çenli ok atyşyklary bes etmekden boýun gaçyryp gelýär.

BMG-niň 23-nji fewralda ýaýradan hasabatynda geçen ýyl Owganystanda parahat ilatyň arasyndan ölümleriň 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 15% kemelendigi, şol bir wagtda-da 2020-nji ýylyň soňky aýlarynda gazaplylygyň derejesiniň artandygy bellenilýär.

XS
SM
MD
LG