Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Merkezi Aziýada $39 millionlyk energiýa programmasyna başlaýar


Türkmenistan. USAID-iň Merkezi we Günorta Aziýa boýunça administratorynyň kömekçisiniň orunbasary Hawier Piedra bilen du\u\yk. Arhiw suraty

ABŞ hökümeti şu gün öz Halkara Ösüş agentligi arkaly (USAID), Gazagystanyň Energiýa ministrligi bilen bilelikde, “USAID Power Central Asia” ady bilen 39 million dollarlyk sebitleýin energiýa programmasyna başlady diýip, Kazinform neşiri ABŞ-nyň Gazagystandaky ilçihanasyna salgylanyp habar berýär.

Bu programma Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna - Gazagystana, Gyrgyzystana, Täjigistana, Türkmenistana we Özbegistana milli energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga, serhetaşa energiýa söwdasyndan ykdysady peýdalary almaga we sebitara baglanyşyk arkaly energiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga kömek eder.

Onlaýyn aragatnaşygy esasynda guralan duşuşyga Gazagystanyň energiýa ministriniň orunbasary Kairat Rahimow, USAID-iň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Piter Ýoung gatnaşdy diýip, habarda aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG