26-njy fewralda bir ýaragly topar Nigeriýanyň demirgazygyndaky mekdebe reýd geçirenden soň, ýüzlerçe gyz dereksiz ýitdi.
Bu gezek nigeriýaly mekdep çagalarynyň köpçülikleýin alnyp gaçylan ýeri Zamfara ştatynyň hökümete degişli Jangebe orta mekdebi boldy.
Polisiýa 26-njy fewralda 317 gyzyň öz okaýan mekdebinden alnyp gaçylandygyny tassyk etdi. Bu 10 gün içinde mekdep okuwçylarynyň ikinji gezek köpçülikleýin alnyp gaçylmagygy boldy.
Nigeriýaly Nasiru Abdullahi "Associated Press" habar gullugyna mekdep ýazgylary 300 gyzyň dereksiz ýitendigini görkezýär diýdi. Ol ýitren gyzlaryň arasynda özüniň 10 we 13 ýaşyndaky çagalarynyň hem bardygyny aýtdy.
Ýerli ýaşaýjy Musa Mustafa ýaragly adamlaryň golaýdaky harby lagere we barlag nokadyna hem hüjüm edendigini aýtdy. Ol bu ýagdaýyň ýaragly adamlar mekdepde birnäçe sagatlap bolan wagtynda harbylaryň olara päsgel bermeginiň öňüni alandygyny aýtdy.
"Bu hakykat, ýaragly adamlar... okuwçylary alyp gaçdylar" diýip, Döwlet maglumat komissary Süleýman Tunau Anka aýtdy.
"Olar mekdebe awtoulagly geldiler. Käbir gyzlary pyýada ýöremäge mejbur etdiler" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Şeýle-de ol howpsuzlyk güýçleri jenaýatçylaryň yzyny çalýandygyny habar berdi.
Hüjümiň adam pidalaryna sebäp bolandygy barada häzirlikçe hiç bir maglumat ýok.
Zamfara ştatynda ýaragly garakçylaryň köp uly topary bolup, olar pul üçin we öz adamlaryny türmeden boşatmak üçin adam ogurlamak bilen meşgullanýar.
Şu aýyň başynda ýaragly adamlar Nigeriýanyň Niger ştatynda azyndan bir okuwçyny öldürip, okuwçylar, mugallymlar we maşgala agzalary bilen birlikde, 42 adamy alyp gaçdy.
Bu waka ýaragly adamlar Nigeriýanyň demirgazyk-günbataryndaky Katsina ştatynyň orta mekdebinden 300-den gowrak oglany alyp gaçanlaryndan iki aý soň boldy.