Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Birmada harby agdarylyşyga garşy protestçiler ýene köçelere çykdylar, ASEAN maslahat geçirmäge taýýarlanýar


Ýangon şäherinde demonstrantlar kellelerine maskalary geýdiler we ellerine ýasama galkanlary alyp, köçelerde böwetleri dikdiler.

Birmada howpsuzlyk güýçleri harbylaryň geçen aýdaky hökümet agdarylyşygyna garşy çykýan protestçilere garşy ýene-de güýç ulandylar. Bu aralykda, Günorta-gündogar Aziýa sebitiniň döwletleri syýasy krizisi maslahat etmek üçin duşuşmaga taýýarlanýarlar.

Birmada harbylaryň Aung San Suu Kýiniň saýlanan hökümetini agdarmagyna garşy geçirilýän protestleriň iň ganly gününden iki gün soňra, 2-nji martda demonstrantlar ýene-de köçelere çykdylar.

Ýangon şäherinde ýüzlerçe protestçä garşy göz ýaşardyjy gazy ulanyldy. Şäheriň dürli künjeklerinde demonstrantlar kellelerine maskalary geýdiler we ellerine ýasama galkanlary alyp, köçelerde böwetleri dikdiler.

Kalaý şäherinde protestçileriň üstlerine abanýan polisiýa işgärlerine garşy çem gelen zatlary zyňyp başlamagyndan soňra, howpsuzlyk güýçleri ýarag oklaryndan ot açdylar. Bu barada wakalaryň gözli şaýatlary gürrüň berýärler. Hadysada dört adamyň ýaralanandygy aýdylýar.

Mýanmar ady bilen hem bilinýän Birmada 1-nji fewraldan bäri, haçanda harbylar häkimiýeti basyp alyp, saýlanan hökümetiň lideri Suu Kýini, şeýle-de onuň partiýasynyň ýolbaşçylarynyň aglabasyny tussag edeninden soňra, galagopluk dowam edýär.

Demonstrantlar saýlanan hökümetiň dikeldilmegini, şeýle-de Suu Kýiniň we onuň partiýasynyň beýleki agzalarynyň azat edilmegini talap edýärler.

Protestler başlany bäri, 21 adam, şol sanda 28-nji fewralda 18 demonstrant öldürildi, ýüzlerçesi hem tussag edildi.

Singapuryň premýer-ministri Wiwian Balakrişman 2-nji martda Günorta-gündogar Aziýa Milletleri Assosasiýasynyň (ASEAN) çäklerinde özüniň kärdeşleri bilen duşuşanda açyk gürlejekdigini, şeýle-de Mýanmaryň hunta wekillerine olaryň gazaplylygyndan hopugandyklaryny mälim etjekdigini duýdurdy.

ASEAN toparynyň düzümine: Mýanmar, Singapur, Filippinler, Indoneziýa, Taýland, Laos, Kambojiýa, Malaýziýa, Bruneýi we Wýetnam girýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG