Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa “daşary ýurt agentleri” kanunyna laýyklykda AÝ/AR-a salnan jerimeleri tassyklandan soňra, ABŞ “çuňňur alada” beýan etdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

ABŞ-nyň Döwlet departamenti “rus hökümetiniň söz azatlygyny çäklendirmek” tagallalaryna “çuňňur alada” beýan etdi.

Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Ned Praýs 3-nji martda Moskwa kazyýeti ABŞ tarapyndan maliýeleşdirilýän Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Russiýanyň jedelli “daşary ýurt agenti” kanunyna laýyklykda kompaniýa salnan jerimeler boýunça appelýasiýasyny ret eden güni beýanat berdi.

“Bizi bu gün Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Russiýanyň repressiw daşary ýurt agentlerini bellige almak kanunçylygynyň astynda salnan jerimeler boýunça appelýasiýasynyň ret edilmegi aladalandyrýar” diýip, Praýs aýtdy.

“Bu kanunlar, şonsuzam Russiýada telewideniýe we radio ýaýlymlary berk çäklendirilen AÝ/AR-yň şahamçalarynyň işini mundan-da beýläk çäklendirmek üçin hem-de olaryň rus halkyna dogry we obýektiw habarlary bermeginiň öňüni almak üçin edilýän aç-açan tagallalardyr” diýip, ol aýtdy.

Praýs Moskwanyň hereketlerini “kabul ederliksiz” atlandyrdy. “Biz Russiýada garaşsyz we halkara habar beriş serişdeleriniň bolmagyny goldamaga dowam etdireris” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Twer etrap kazyýetiniň kazysy Alekseý Kriworuçko 3-nji martda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna özüniň media we metbugat materiallaryny döwlet media gözegçisi “Roskomnadzoryň” düzgünlerine laýyklykda bellik goýmazlyk sebäpli salnan jerimeleri tassyklady.

Aşaky kazyýet 10-nji fewralda Azatlyk Radiosyna jerime salypdy.

“AÝ/AR bu jerimeleri ret edýär we rus kazyýetiniň olar boýunça appelýasiýamyzy ýatyrmak kararyny kabul etmeýär” diýip, AÝ/AR-yň prezidenti Jeými Flaý kazyýet kararlaryna beren jogabynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG