Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wengriýa garaşsyz radio üçin ýyglyk bermekden ýüz öwürdi, metbugat azatlygy baradaky aladalary güýçlendirdi


"Klubradio" oppozisiýa radiostansiýasynyň işgärleri, Budapeşt, 2021-nji ýylyň 9-njy fewraly
"Klubradio" oppozisiýa radiostansiýasynyň işgärleri, Budapeşt, 2021-nji ýylyň 9-njy fewraly

Wengriýanyň metbugaty düzgünleşdiriji edarasy 11-nji martda ýurduň iň soňky garaşsyz habar radiostansiýalarynyň biriniň radio ýaýlymyny gaýtadan dikeltmek baradaky arzasyny ret etdi. Halkara metbugat instituty (IPI) bu ýagdaýy Ýewropa Bileleşigine agza ýurdunda metbugat azatlygyny basmak üçin “ýene bir kemsitme” diýip atlandyrdy.

Habarlarynda we gepleşiklerinde premýer-ministr Wiktor Orbanyň hökümetini köplenç tankytlaýan "Klubradio", Milli metbugat we aragatnaşyk edarasynyň (NMHH) onuň ýaýlym ygtyýarnamasyny uzaltmazlyk barada çykaran ozalky kararyny tassyklandan soň, fewral aýynyň ortalaryndan bäri onlaýn görnüşinde işleýär.

Radiostansiýa işlemek üçin geçen aýda ýitiren ygtýarnamasyny yzyna almak üçin açyk tender arkaly ýüz tutdy, ýöne NMHH onuň ýeke-täk dalaşgär bolandygyna garamazdan, programmanyň ýalňyşlyklarynyň bardygyny we radio ýaýlymynyň esasy talaplaryna laýyk gelmeýändigini öňe sürüp, haýyşyny ret etdi.

"Klubradionyň" karardan şikaýat etmegi üçin 15 güni bar.

Radiostansiýa häkimiýetleriň kararyny "bikanun" diýip atlandyrdy we onlaýn görnüşinde işlemegi dowam etdirjekdigini aýtdy. Tankytçylar, agzalarynyň hemmesi Orbanyň tarapdarlaryndan ybarat bolan NMHH-ni syýasy matlaply karar çykarmakda aýyplaýarlar.

Hökümet metbugat meselelerine goşulmagyny inkär edýär.

XS
SM
MD
LG