Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler COVID-e salgylanyp, gazak aklawçylarynyň ýörişine rugsady yza çekdiler


Almaty

Gazagystanyň iň uly şäheri Almatynyň häkimiýetleri koronawirus pandemiýasynyň öňüni alyş çärelerine salgylanyp, 13-nji martda protest ýörişini geçirmek üçin ýerli aklawçylara berlen rugsadyny yzyna aldylar.

12-nji martda, meýilleşdirilen ýörişden bir gün öň, Almatynyň sanitariýa we epidemiologiýa gözegçilik bölümi ýörişiň has giň ýaýran çärä öwrülmeginden gorkup ýatyrylandygyny habar berdi.

Bölüm müdiriniň orunbasary Saduakas Baýgabylow "Almaty epidemiologiýa ýagdaýynyň" gyzyl zolagy "derejesine goşuldy we şäherde köpçülikleýin çäreleri geçirmek COVID-19 näsaglarynyň birden köpelmegine sebäp bolup biler" -diýdi.

Aklawçylar hökümet tarapyndan teklip edilýän kanuna özleriniň işine we sud kömegine degişli giriziljek üýtgetmelere garşylyk bildirmegi planlaşdyrypdy. Olar 9-njy martda ýöriş geçirmek üçin özlerine berlen rugsady yzyna almak barada häkimiýetleriň resmi habar bermändigini aýtdylar.

Adwokatlar Adalat ministrligi tarapyndan kesgitlenen kanun taslamasynyň "kazyýet geňeşçileriniň toparlarynyň öz-özüňi düzgünleşdirmek standartlaryna" laýyk gelmeýändigini we "garaşsyz kanunçylyk tejribesini ýok etjekdigini" belleýärler.

Almatyny koronawirus bilen kesellänleriň sanynyň köpdügi sebäpli "gyzyl zona" sanawyna girizmek karary 10-njy martda yglan edilipdi.

12-nji martda Gazagystanda hasaba alnan koronawirus ýagdaýlarynyň sany resmi taýdan 221 669 adama ýetdi, şol sanda 2837 adam ýogaldy.

Gazagystanda öň seýrek bolan köpçülikleýin demonstrasiýalar soňky aýlarda ýygy-ýygydan ýüze çykýar, ýöne olaryň köpüsi rugsatsyz geçýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG